31.08.2024
23548
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly kitap çapdan çykdy
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly neşiriň birinji tomy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň işleriniň beýanyny, şeýle hem ýurdumyzda bolup geçýän oňyn özgertmeleriň depginini şöhlelendirýän ylmy we habar beriş maglumatlaryny özünde jemleýär.
31.08.2024
6768
2024-nji ýylyň ýedi aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,3 göterim boldy
Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýedi aýynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň netijelerine bagyşlanan Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde habar berdi.
31.08.2024
30573
2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji sapagy: «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy»
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýyl beýik akyldaryň we şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň baýram edilmegine beslenýär. Şanly sene köp sanly çäreler: edebi bäsleşikler, sergiler, konsertler, döredijilik duşuşyklar hem-de Türkmenistanyň çäklerinden daşarda medeni çäreler bilen bellenilýär.
31.08.2024
5722
«Ýörite geýimler dünýäsiniň» ilhalar lybaslary
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Ýörite geýimler dünýäsi» hususy kärhanasynyň işleri barha ilerleýär.
31.08.2024
7919
«Ahal» topary futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynda «Merw» toparyny üçünji gezek utdy
Ýokary liganyň klublarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň Aşgabadyň «Nusaý» stadionynda geçirilen oýnunda «Ahal» toparynyň oýunçylary Marynyň «Merw» toparyny 2:0 hasabynda utdular.
31.08.2024
5651
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa we ýurduň ähli doganlyk halkyna Gyrgyz Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
31.08.2024
5466
Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, XVII Ýokary Baştutany Sultan Ibrahim ibn Almarhum Sultan Iskandara we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
30.08.2024
6046
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça möhüm meselelere garaldy.
30.08.2024
6102
“Türkmengaz” döwlet konsernine Türkiýäniň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä bazarlaryna çykarmakda möhüm ähmiýetli bolan desgalaryň taslamalaryny milli maýa goýumlaryň hasabyna ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengaz” döwlet konsernine Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, zerur enjamlar bilen üpjün etmek we goýberiş-sazlaýyş işlerini ýerine ýetirmek barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
30.08.2024
4143
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Şu ýyl Estoniýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi mynasybetli geçen ýyllaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilendigini we häzirki döwürde-de ösdürilýändigini nygtamaga şatdyryn. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda mundan beýläk-de ösdürilmegine umyt edýärin. Häzirki döwürde durnuklylyk hem-de dostlukly gatnaşyklar uly ähmiýete eýedir.