15.08.2024
5747
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji awgustynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
15.08.2024
5560
Ýurdumyzda halkara ýük daşaýyşlaryny amala aşyrýan awto serişdeleriniň sürüjilerini we ulag operatorlaryny taýýarlamak üçin merkez açylýar
Halkara ýük daşaýyşlaryny amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň hünär taýýarlygyny geçmekleri üçin Türkmenistan degişli okuw merkezini açmagy meýilleşdirýär.
15.08.2024
5470
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we ýurduň ähli halkyna Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
15.08.2024
6044
Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
14.08.2024
5699
Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi
Zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu gün Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda welosipedli gezelenç etdi.
14.08.2024
6863
“Miras” žurnaly: alymlaryň türkmen halkynyň taryhy-medeni mirasyna ylmy garaýyşlary
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýyl şanly wakalara beslenip, şöhratly ata-babalarymyzyň we beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň taryhy-medeni mirasyna täzeçe nazar aýlamaga mümkinçilik döredýär. Medeni-ruhy gymmatlyklaryň özboluşlylygy, köpdürlüligi halklary jebisleşdirýän esasy baýlyk bolup durýar.
14.08.2024
7022
Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň we döredijilikli ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
30 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly we işjeň agzasy hökmünde onuň Tertipnamasynyň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine möhüm goşant goşmagyny dowam etdirip gelýär. Parahatçylykly ýaşamagyň, öňüni alyş diplomatiýasynyň, deňhukukly dialogyň ähmiýetini öňe sürýän Türkmenistan halkara giňişlikde hemişe netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. 2025-nji ýylda Bitaraplygyň 30 ýyllygyny dabaraly bellemäge, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň geljek ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyny durmuşa geçirmäge taýýarlyk görüp, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen işjeň gatnaşyklaryny dowam etdirer. Döwletiň anyk ädimleri BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Türkmenistanyň köpçülige ýetirjek ileri tutýan garaýyşlarynda-da öz beýanyny tapýar.
14.08.2024
5025
«Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň hünärmenleri iş endiklerini kämilleşdirýärler
12-nji awgustdan başlap, «Türkmendeňizderýaýollary» gullugynyň işgärleri üçin deňiz işgärleriniň hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça bäş günlük okuw geçirilýär.
14.08.2024
6593
Almatyda ÝUNESKO-nyň bäsleşiginde Abdyleziz Saryýew ýeňiji boldy
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň halkara hukuk we halkara gatnaşyklar fakultetiniň talyby Abdyleziz Sarýew ÝUNESKO-nyň üçünji halkara «Bilimde emeli aňy ulanmagyň etikasy» taslamasynda «iň gowy pikir we çemeleşme» ugrundan ýeňiji boldy.
14.08.2024
6008
ÝUNESKO bölümleriniň hünärmenleri ýaşlaryň ekologik medeniýeti meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hereket edýän, ýurdumyzda ilkinji açylan «Parahatçylyk dilleri» atly ÝUNESKO Klubunyň bilelikde guramagynda «Hazar deňziniň mümkinçiliklerini wagyz etmek arkaly ýaşlaryň ekologik sowatlylygyny artdyrmak» mowzugynda 2024-2025-nji okuw ýylynda ÝUNESKO Kafedralary we Klublary bilen bilelikde alnyp baryljak işleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen onlaýn duşuşyk geçirildi.