01.06.2026
2036
Ähli gowulyklar – çagalara!
Daşoguz welaýatynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli giň gerimli dabaralar geçirildi. Bu baýramçylyk mynasybetli welaýatyň iň gözel ýerlerinde aýdym-sazly, güýmenje we bilim beriji köp sanly çäreler guraldy.
01.06.2026
2415
Orta mekdepleriň okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çap edildi
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçylary üçin täze okuw kitaplar toplumy çap edildi.
01.06.2026
2389
Türkmenistan – bagtyýar çagalaryň mekany
Çagalary goramagyň halkara güni senenamada tomsuň ilkinji gününe gabat gelýär. Bu wagt oglan-gyzlaryň iň gowy görýän döwri, çünki şonda mekdep okuwçylary üçin uzak dynç alyş günleri başlanýar we olar öz oýunlarynadyr jigileri bilen oýnamaga, medeni we dynç alyş merkezlerine baryp görmäge has köp wagt sarp edip bilýärler.
01.06.2026
2836
Ýokary okuw mekdeplerde gutardyş döwlet synaglary başlandy
1-nji iýunda 2025 – 2026-njy okuw ýylynda okuwyny tamamlaýan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary üçin gutardyş döwlet synaglary başlanýar.
01.06.2026
3243
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy maýynda Buharest şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Rumyniýadaky Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan welosiped ýörişi geçirildi.
01.06.2026
2395
Türkmenistanyň wekiliýeti Lissabon şäherine iş saparyny amala aşyrýar
2026-njy ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerinden ybarat toparyň Portugaliýanyň paýtagty Lissabon şäherine iş sapary başlanýar. Bu sapar ÝHHG-niň (Ýewropanyň Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy) Aşgabatdaky wekilhanasy tarapyndan guraldy.
01.06.2026
2546
«Arkadag» we «Aşgabat» toparlary garşydaşlaryny uly hasap bilen ýeňdiler, «Nebitçi» bolsa «Köpetdag» toparyndan kynlyk bilen üstün çykdy
Futbol boýunça Türkmenistanyň ýokary ligasynyň çempionatynyň 11-nji tapgyry Türkmenbaşy, Aşgabat we Balkanabat şäherlerinde geçirilen üç duşuşyk bilen başlandy. Tapgyryň ilkinji oýunlary örän netijeli geçip, janköýerlere hem garaşylýan ýeňişleri hem-de köp duýduryşly dartgynly göreşleri sowgat etdi.
01.06.2026
2316
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekilleri Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşdylar
Türkmenistanyň paýtagtynda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli uly dabaralar geçirilýär. Dabaralara Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň wekilleri, tanymal halyçy zenanlar hem-de köp sanly daşary ýurtly myhmanlar gatnaşdylar.
01.06.2026
2923
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bagtyýar çagalaryň mekany hökmünde giňden tanalýan Watanymyzda bu halkara senäniň şanyna geçiriljek dabaralaryň şadyýan körpelerimiziň kalbynda egsilmez joşgun döretjekdigine we aýdyň geljegimize ynamy has-da berkitjekdigine pugta ynanýaryn.
01.06.2026
2445
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi dünýä bileleşigi bilen birlikde, eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, röwşen ertirlerimiziň dowamaty bolan çagalaryň abadançylygy we sazlaşykly ösmegi baradaky hemmetaraplaýyn tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.