22.09.2024
5160
Lebap welaýatynyň häkimligine “Ussa Tirkeş” hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap bilim edaralarynyň binalaryny gurmagy dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
22.09.2024
6357
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäherini ösdürmegiň barşy bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylar bilen şäheri ösdürmegiň wajyp meselelerini hem-de öňde goýlan wezipeleri ara alyp maslahatlaşdy.
22.09.2024
6925
Halkymyzy we mähriban Watanymyzy wasp edip
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly, Arşa göterilýär halkyň ykbaly» atly konsert geçirildi.
22.09.2024
4886
Türkmenistanyň wekilleri Pekinde geçirilen 11-nji Parahatçylyk festiwalyna gatnaşdylar
2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Pekin şäherindäki Parahatçylyk seýilgähinde «Köpdürlülik we dialog: ählumumy parahatçylyga we ösüşe barýan ýol» atly 11-nji Parahatçylyk festiwaly geçirildi.
22.09.2024
6714
Elista şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Russiýa Federasiýasynyň Galmyk Respublikasynyň Elista şäherinde geçirilýän «Asyrlar boýy halklar bilelikde» atly sebitleýin forumyň çäginde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli «Bakylygyň nyşanlary: türkmen we galmyk halklarynyň arasyndaky dostluk-doganlyk köprüsi.
22.09.2024
8183
Türkmenistanly karateçi Hançžouda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy
Türkmen türgeni Dawut Nazmyradow şu gün Hançžou (Hytaý) şäherinde tamamlanan uly ýaşly türgenleriň arasynda geçirilen WKF karate boýunça Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy.
22.09.2024
4982
Gyzylarbatly halyçylar Garaşsyzlyk toýumyza mynasyp sowgatly barýarlar
Hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalary netijesinde halkymyzyň gadymdan gelýän, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli halyçylyk sungaty bu gün täze belentliklere göterilýär.
22.09.2024
4163
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Sizi Russiýada ýurtlarymyzyň arasyndaky çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň tarapdary hökmünde tanaýarlar. Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlygy, durnuklylygy, abadançylygy üpjün etmegiň hatyrasyna Russiýanyň hem-de Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň bähbidine ikitaraplaýyn we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirjekdigimize ynanýaryn.
22.09.2024
5738
Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Serdar Berdimuhamedowa
Sizi doglan günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, mähriban halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwrebap özgertmeleriňiziň, parahatçylyk söýüjilik, dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyňyzyň, döretmek, gurmak başlangyçlaryňyzyň elmydama üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin.
21.09.2024
6904
Wengriýada geçirilýän Bütindünýä küşt olimpiadasynda türkmen küştçüleri Çernogoriýanyň toparyndan üstün çykdylar
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy topary Budapeştde (Wengriýa) geçirilýän 45-nji Bütindünýä küşt olimpiadasynda altynjy ýeňşini gazandy. 9-njy tapgyrda olar 42-nji belgili Çernogoriýanyň toparyny (ortaça görkezijisi – 2142) gara mallar bilen 2.5:1.5 hasabynda utdylar.