12.09.2024
5226
Adam hukuklary baradaky meseleler we olary durmuşa geçirmegiň ýörelgeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
Adam hukuklary boýunça milli guramalaryň döwlet edaralary we jemgyýetçilik guramalary bilen özara gatnaşygynyň ýörelgeleri, şeýle hem Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil — Adalatçynyň BMG-niň Pariž ýörelgelerine laýyk hukuk mandatyna bagyşlanyp, ozal Daşoguz we Balkan welaýatlarynda geçirilen maslahatlar tapgyry Mary we Lebap welaýatlarynda öz işini dowam etdi.
12.09.2024
4682
«Skolkowo» gaznasynyň wekili «HI-TECH Türkmenistan 2024» maslahatynda çykyş etdi
«Skolkowo» gaznasynyň wekili Aleksandr Okunew ykdysadyýete ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça «HI-TECH Türkmenistan 2024» halkara maslahatynyň mejlisinde çykyş etdi we Russiýanyň innowasiýa kompaniýalarynyň türkmenistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.
12.09.2024
5222
Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlar hem-de konsertler
12-nji sentýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda italýan opera kompozitory, organist we hormeýster Jakomo Puççininiň 100 ýyllygyna bagyşlanan konsert geçiriler.
12.09.2024
5636
Gruziýanyň döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy
2024-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda beýik türkmen şahyrynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Tbilisi şäherinde ýerleşýän Suhumi döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň auditoriýasynyň açylyş dabarasy geçirildi.
12.09.2024
6874
Aşgabatda «HI-TECH Türkmenistan Startup 2024» bäsleşigiň netijeleri jemlendi
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça halkara maslahatynyň we serginiň çäginde gurnalan «HI-TECH Türkmenistan Startup 2024» bäsleşiginiň netijeleri jemlendi.
12.09.2024
6710
Daşoguz şäheri güýçli depginlerde ösýär
Häzirki wagtda Daşoguz şäheriniň gurluşykçylary ýerleri we bar bolan inženerçilik-tehniki kommunikasiýalary rejeli ulanmaga çalyşýarlar. Muny şäheriň ilatly ýerlerinde gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi hem subut edýär.
12.09.2024
6640
Türkmen wekiliýeti Ýewropa Bileleşiginiň Erazmus+ maksatnamasynyň çäklerinde okuw maslahatyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Finlýandiýa Respublikasynyň Tampere şäherinde Amaly ylymlar uniwersitetinde sentýabryň birinji ongünlüginde geçen «Innowasiýalary hem-de durnukly ekoulgamy häzirki döwürde we geljekde iş bilen üpjün etmek üçin uniwersitetler bilen senagatyň arasyndaky hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek» diýen tema boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy.
12.09.2024
7234
«Oguzabat» HJ – «HI-TECH Türkmenistan 2024» sergisiniň guramaçylarynyň biridir
Türkmenistanyň ykdysadyýetine ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary çekmek boýunça «HI-TECH Türkmenistan 2024» halkara maslahat we ýöriteleşdirilen sergi diňe bir ýurduň ylmy hem-de tehnologiki ösüşiň belentliklerine gönükdirilendigi, ylym, tehnologiýa we innowasiýa tehnologiýalary babatynda giň halkara hyzmatdaşlyga taýýardygyny görkezmän, eýsem, ykdysadyýetiň sanly özgermegine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň gatnaşýan ýerli işewürleriň ösýän başarnygyny aýdyň görkezýär.
11.09.2024
13172
Energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalarynyň işe girizilmegi hem-de gurluşygyna badalga berilmegi mynasybetli dabaralar
Şu gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda täze, möhüm sahypa açyldy. Şu günki taryhy ähmiýetli wakalar munuň aýdyň güwäsi boldy. Bu wakalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän netijeli syýasy strategiýasy öz aýdyň beýanyny tapýar.
11.09.2024
5841
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryndaky ÇYKYŞY
Şu gün iki ýurduň durmuşynda taryhy waka bolup geçýär. Bu gün Türkmenistanyň we Owganystanyň özara gatnaşyklarynyň sene ýazgysyna şanly sahypa bolup girer. Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen ençeme iri möçberli taslamalaryň iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýandygynyň şaýady bolýarys.