29.07.2024
5691
Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Robert Floýd bilen duşuşygy geçirildi.
29.07.2024
8355
Sanly ykdysadyýetiň ösüşine döwlet goldawy
Sanly ykdysadyýet – Türkmenistanda döwletden goldaw alýan, telekeçiligi ösdürmegiň geljegine umyt baglanýan ugurlarynyň biridir.
29.07.2024
5737
Köptaraply döwürleýin synyň 4-nji tapgyrynyň çäginde Türkmenistana berlen hödürnamalar ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanda Köptaraply döwürleýin synyň 4-nji tapgyrynyň tekliplerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça birnäçe çäre geçirildi. 2024-nji ýylyň 22-nji iýulynda paýtagtymyzyň «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň we müdirlikleriniň işgärleriniň, BMG-niň edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem Adalatçynyňedarasynyň gatnaşmagynda «KDS-iň dördünji tapgyrynyň tekliplerine syn. Ýerine ýetirilişiň iş ýüzündäki tejribesi»temasy boýunça «Tegelek stoluň» başyndaky maslahat geçirildi.
29.07.2024
6627
Ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty
Aşgabatda hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howanyň temperaturasy gijelerine +23... +25 gradusdan +26... +28 gradusa çenli maýyl, gündizlerine +33... +35 gradus maýyldan +39... +41 gradusa çenli yssy bolar.
29.07.2024
6274
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji iýulynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 62-nji mejlisi geçirildi.
29.07.2024
5248
Türkmen ýokary okuw mekdebiniň wekili ýaş alymlaryň XII Bütinrussiýa gurultaýyna gatnaşdy
Iýul aýynyň ikinji ongünlüginde Russiýanyň ýaşlar paýtagty Wladiwostok şäherinde ýaş alymlaryň we talyplaryň ylmy jemgyýetçiliginiň geňeşleriniň XII Bütinrussiýa gurultaýy geçirildi.
29.07.2024
7639
Heýkeltaraş Orazmyrat Gurbanow we onuň ylham çeşmesi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, şu ýyl 70 ýaşy dolan heýkeltaraş Orazmyrat Gurbanowyň işleriniň şahsy sergisi guraldy.
29.07.2024
8547
«Bir penjire» umumy döwlet maglumat web-portaly döredildi
Türkmenistanda «Eksport-import amallary üçin Bir penjire» (www.tradebridge.gov.tm) umumy döwlet maglumat web-portaly döredildi.
29.07.2024
4506
Ýewropa bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýeti jemgyýetçilik guramalary üçin maglumat mejlisini geçirdi
Ýewropa bileleşiginiň (ÝeB) Türkmenistandaky wekiliýeti jemgyýetçilik guramalary üçin maglumat mejlisini gurady. Garaşsyz geňeşçi Madalena Moýtanyň geçiren mejlisi Raýat jemgyýetiniň iş gaznasyna gatnaşmak üçin ýüz tutulandaky işlerde jemgyýetçilik guramalaryna ýardam bermeklige bagyşlandy.
29.07.2024
3825
Tohumlyk galla taýýarlanylýar
Daşoguz welaýatynda gallanyň täze hasylyndan tohumlyk galla taýýarlanylýar. Ol esasan güýzlük gallanyň synagdan geçen we sebitleşdirilen ýokary hasylly atyzlardan ýygnalan görnüşlerdir.