24.07.2024
5312
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
24.07.2024
7305
“Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis, rus dillerindäki neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurdumyzyň halkyna iberen Gutlagy bilen açylýar.
24.07.2024
6448
Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal nebit ministri bilen duşuşyk
2024-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Federal nebit ministri Musadik Masud Malikiň arasynda duşuşyk geçirildi.
24.07.2024
7329
Türkmenistan we Gazagystan syýahatçylyk we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
2024-nji ýylyň 22-nji iýulynda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi B.Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministri E.Maržikpaýew bilen duşuşdy.
24.07.2024
7800
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ABŞ-da SUSI maksatnamasynyň çäklerinde okuw geçýärler
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisiniň dört talyby «ABŞ-nyň institutlaryny öwrenmek» (SUSI) atly akademiki maksatnama gatnaşyjy boldular.
24.07.2024
6088
Türkmen telekeçileri Daşkentde geçiriljek halkara sergä çagyrylýar
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 8–11-i aralygynda Daşkentde geçiriljek «HоRеCа Uzbekistan» atly birinji halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar.
24.07.2024
6541
Türkmenistan Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny giňeldýär
Halkara Zähmet Guramasynyň halkara bilermeni Manuel Rokso Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasynda ýurdumyzyň hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri bilen duşuşyk geçirdi.
24.07.2024
24090
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 1000-den gowrak dalaşgärleri okuwa kabul eder
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplarynyň hataryna goşulmak we hünär-bilim almak isleýän dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmegini dowam edýär.
24.07.2024
6873
Natalýa Kalugina: tebigatyň gözellikleri – ylham çeşmesi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi merkezinde Natalýa Kaluginanyň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli suratkeşiň işleriniň şahsy sergisi açyldy. Natalýa Kalugina surat çekmäge giç başlady.
24.07.2024
6206
Türkmen-pakistan syýasy geňeşmeleri we Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi
2024-nji ýylyň 23-nji iýulynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça pakistan-türkmen bilelikdäki hökümetara toparynyň başlygy, Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhammet Yshak Daryň arasynda duşuşyk geçirildi.