11.07.2024
9683
Türkmenistanly çeper gimnastikaçylar Daşkentde geçirilen ýaryşda 29 medal gazandylar
Türkmenistanly ýaş çeper gimnastikaçylar Daşkentde (Özbegistan) geçirilen çeper gimnastika boýunça «Merry Caravan» 14-nji halkara ýaryşynda dürli derejeli 29 medal gazandylar.
11.07.2024
7815
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň altynjy maslahaty 2024-nji ýylyň 13-nji iýulynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär.
10.07.2024
5774
Ahal we Lebap welaýatlarynyň gallaçylary zähmet ýeňşini gazandylar
Ýurdumyzyň ýene-de iki welaýatynyň — Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň gallaçylary ajaýyp zähmet ýeňşini gazandylar. Olar Watan harmanyna, degişlilikde, 400 müň we 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler.
10.07.2024
10805
Medeniýet — jemgyýetiň jebisliginiň, milli ruhuň mizemez binýady
Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda döwlet syýasaty türkmen jemgyýetiniň ruhy we aň-bilim kuwwatyny ýokarlandyrmaga, medeni-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamaga gönükdirilendir. Bu ulgamda häzirki zaman gazanylanlary sungatyň dürli görnüşleriniň galkynmagyny hem-de ösdürilmegini, giň medeni hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny şertlendirýär.
10.07.2024
8603
Türkmen ekipažy ralli boýunça Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda bürünç medal eýeledi
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Nissan Patrol» awtoulagynda çykyş edýän türkmen türgenleri doganlar Merdan we Şöhrat Toýlyýewler «Ýüpek ýoly-2024» ralli-reýdiniň çäginde awtosportuň şol görnüşi boýunça geçirilen Russiýa Federasiýasynyň çempionatynda bürünç medala mynasyp boldylar.
10.07.2024
5996
Aşgabatda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen okuw maslahaty guraldy
ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi döwlet edaralarynyň metbugat gulluklaryny döretmek we olaryň işini guramak boýunça utgaşykly görnüşde iki günlük okuw maslahatyny geçirdi.
10.07.2024
4986
Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri onlaýn-okuw maslahatyň çäklerinde KPI meselesini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekillerini «Netijeliligiň möhüm görkezijileri» (KPI) diýen tema degişli onlaýn-okuw maslahaty bir ýere jemledi. Ol ýurduň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan guraldy.
10.07.2024
6866
Aşgabatda 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyşy mynasybetli sergi açyldy
Parižde 2024-nji ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna sanlyja gün galanda Türkmenistandaky Fransuz institutynyň «Nadar» galereýasynda «Les Elles des Jeux» («Zenanlar Olimpiýa oýunlarynda») atly sergi açyldy.
10.07.2024
7812
«Altyn ýyldyz» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde ýaş ýangyn söndürijileriň arasynda ýaryş geçirildi
Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alýan ýetginjekleriň arasynda ýangyn söndürmek boýunça amaly sport ýaryşlary geçirildi.
10.07.2024
5405
Täze hasyl möwsümine işjeň taýýarlyk görülýär
Daşoguz welaýatynda «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň täze möwsüme taýýarlyk işleri dowam edýär. Iş ähli pagta arassalaýjy zawodlarda we kabul ediji nokatlarda alnyp barylýar.