23.04.2024
6657
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ikinji tapgyrynyň açylmagy ýurdumyzyň ýyl ýazgysynda şanly wakalaryň biri hökmünde täze sahypany açdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan yklymyň söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşmek bilen, XXI asyryň Beýik Ýüpek ýoluny döredýär, Ýewraziýa sebiti üçin ähmiýetli iri üstaşyr ulag geçelgeleriniň merkezine öwrülýär. Ýakyn goňşy ýurtlar we dünýäniň ähli halklary bilen ulag-kommunikasiýa ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi, öz gezeginde, milli ykdysadyýetiň okgunly ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär.
23.04.2024
6217
Türkmenistanyň DIM-de birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişlik dabarasy geçirildi
2024-nji ýylyň 23-nji aprelinde Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş meseleleri boýunça Döwlet sekretary Lord Kameronyň Türkmenistana amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ikitaraplaýyn resminama gol çekişlik dabarasy geçirildi, taraplar hususan-da aşakda görkezilen resminamalara gol çekdiler:
23.04.2024
5064
Abu-Dabide Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi
2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň BAE-däki Ilçihanasynyň Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi bilen bilelikde gurnamagynda Ilçihananyň binasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çärä geçirildi.
23.04.2024
5340
Ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisi
2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Rumyniýanyň Ulag we infrastruktura ministrliginiň binasynda Awtoulag boýunça türkmen-rumyn bilelikdäki komissiýasynyň üçünji mejlisi we Ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýanyndaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygy G.Akmamedow ýolbaşçylyk etdi.
23.04.2024
4355
Termez şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Termez döwlet uniwersitetinde Surhanderýa welaýatynyň Türkmen milli medeni merkeziniň guramagynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragy – dostlugyň waspçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.
23.04.2024
5564
Ahalteke bedewleriniň deňsiz-taýsyz gözelligine bagyşlanan sergi
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli türkmen suratkeşleriniň eserleriniň sergisi açyldy.
23.04.2024
5384
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan «Taryhdan taryply türkmen bedewi» atly sergi açyldy
Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan «Taryhdan taryply türkmen bedewi» atly sergi açyldy.
23.04.2024
4195
Astrahan şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirilýär
Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Amanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Astrahan säherinde geçirilen çärelere gatnaşdy.
23.04.2024
6369
Türkmen wekiliýeti Moskwada geçirilen «Uniwersitetler we geljek» atly halkara foruma gatnaşdy
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekilleri «Uniwersitetler we geljek» atly halkara foruma we Intellektual merkezde – M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetiniň Düýpli kitaphanasynda geçirilen Ýewraziýa uniwersitetleriniň assosiasiýasynyň giňişleýin mejlisine gatnaşdylar.
23.04.2024
4933
Aşgabatda «Ýaşyl geljegiň umytlary» çagalar festiwaly geçirildi
23-nji aprelde Türkiýede çagalar güni döwlet baýramy bellenildi.