19.04.2024
4873
Gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär
Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýere gowaça ekilip, ondan bol pagta hasylyny almaklyk göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, gündogar sebitiň ähli etraplarynda örän jogapkärli möwsüm – geljekki bol hasylyň ykbalyny kesgitleýän gowaça ekişi guramaçylykly dowam etdirilýär.
19.04.2024
5032
Nýu-Ýorkda geçirilen EKOSOS-yň Ýaşlar forumynda Türkmenistan wekilçilik etdi
Türkmenistanyň wekiliýeti 16–18-nji aprelde BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) Nýu-Ýorkdaky BMG-niň ştab-kwartirasynda geçirilen Ýaşlar forumyna gatnaşdy.
18.04.2024
7600
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barlan işlere syn bermek bilen, şu ýylyň mart aýynda yzygiderli geçirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň, maslahatlaryň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de pugtalandyrmakda Garaşsyz Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuny nobatdaky gezek açyp görkezendigini bellemek gerek.
18.04.2024
4300
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi.
18.04.2024
4086
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
18.04.2024
6721
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
Aşgabatda şaýbaly hokkeý boýunça dowam edýän halkara ýaryşda şu gün dördünji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Gyşky oýunlar sport toplumynyň meýdançasynda günüň ikinji ýarymynda «A» toparçada «Oman Nationals» (Oman) we «Ice Box Iran Mall» (Eýran) toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
18.04.2024
6366
Tbiliside Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi
2024-nji ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasy bilen bilelikde gurnamagynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi.
18.04.2024
6534
Türkmenistanda ýod önümçiliginiň ylmy esaslary işlenip düzülýär
17-nji aprelde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda ýurdumyzyň himiýa pudagynda möhüm orny eýeleýän ýod maddasyny öndürmek boýunça ylmy maslahat geçirildi.
18.04.2024
7092
Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Paýhas tohumy: beýik akyllardan sapaklar» atly bäsleşik
Moskwada Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» atly VIII halkara sungat festiwalynyň guramaçylyk komiteti tarapyndan beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Paýhas tohumy: beýik akyllardan sapaklar» atly bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar kabul edilip başlandy.
18.04.2024
6680
Türkmenistan saglygy goraýyşda maglumat ulgamyny sanlylaşdyrmak ugrundaky mümkinçiliklerini güýçlendirýär
Türkmenistan saglygy goraýyş maglumat ulgamyny sanlylaşdyrmak ugrundaky işini ösdürýär. Bu maksatlar üçin ýurdumyzda bu ugurda tejribe alyşmak üçin okuw sapaklar geçirildi we Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hasabat görnüşlerinde maglumat ýygnamagyny seljermek üçin gurallaryny hödürleýän okuwy başlandy.