Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa-Ýuwaş umman forumynyň her ýylky umumy ýygnagyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa-Ýuwaş umman forumynyň her ýylky umumy ýygnagyna gatnaşdy

view-icon 2467
Türkmenistanyň wekiliýeti Aziýa-Ýuwaş umman forumynyň her ýylky umumy ýygnagyna gatnaşdy

Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil - Adalatçysy Ý.Gurbannazarowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň goldamagynda Hindistan Respublikasyna iş sapary başlandy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Adam hukuklary hakyndaky Ählumumy jarnamanyň 75 ýyllygyna we milli adam hukuklary edaralaryň we Pariž ýörelgeleriniň 30 ýyllygyna bagyşlanan Aziýa-Ýuwaş umman milli adam hukuklary edaralarynyň forumynyň 28-nji ýyllyk umumy ýygnagynyň we konferensiýanyň işine gatnaşmagy hem-de ol ýerde Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň biziň ýurdumyzda Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýolbaşçylygynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramakda toplanan tejribe hakynda, şol sanda APF bilen bilelikde amala aşyrylan işler barada çykyş etmegi göz öňünde tutulan.

Iş sapary hakyndaky habar Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Her ýylda geçirilýän Aziýa-Ýuwaş ummany forumy – bu APF-iň agzalarynyň we geňeşçileriniň duşuşygy bolmak bilen, ýyllyk edilen işlere, ýetilen sepgitlere seljerme geçirmäge mümkinçilik berýär. Forumyň maksatnamasy guramanyň saýlawly wezipelerine saýlawlary geçirmegi, guramanyň ol ýa-da beýleki ugurlar boýunça syýasatyny kabul etmegi, ýyllyk audit barlaglarynyň geçirilişini tassyklamagy öz içine alýar. Forum oňa agza edaralaryň, hyzmatdaşlaryň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň arasynda aragatnaşyk saklamak, bilimleri alyşmak we özara gyzyklanýan meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär.

Adatça, forumyň geňeşçileri APF agzalaryndan başga-da, Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň, Milli adam hukuklary edaralarynyň Ählumumy Bileleşiginiň, Milli Adam hukuklary edaralarynyň (NHRI) APF-iň agzalygyna ýüz tutan ýa-da ýüz tutmak isleýän wekilleri, şeýle hem beýleki gyzyklanma bildirýän taraplary synçylar hökmünde gatnaşmak üçin çagyrýarlar.

Aziýa-Ýuwaş ummany forumy Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň Milli adam hukuklary edaralaryň Ählumumy Bileleşiginde akkreditirlenmeginde we adam hukuklarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik ediji edara hökmünde mümkinçiliklerini ýokarlandyrmakda esasy halkara hyzmatdaşy bolup durýandygyny bellemek gerek.

Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwanynyň wekiliýetiniň Aziýa-Ýuwaş umman milli adam hukuklary edaralarynyň forumynyň bu çärelerine gatnaşmagy, milli adam hukuklary edaranyň wekillerine Milli Adam hukuklary edaralaryň Ählumumy Bileleşiginden (GANHRI) degişli akkreditasiýany almakda oňyn daşary ýurt tejribesi bilen tanyşmaga, şeýle hem adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak ugrundaky bilimleri we tejribeleri paýlaşmaga giň mümkinçilikleri döreder.