Ï Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy

view-icon 1283
Türkmenistanyň wekiliýeti “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 25-26-nji aprelinde Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi P.Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň barşynda şu ýylyň iýunynda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň döwlet baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny berkitmegiň möhümdigi barada aýtmak bilen, taraplar öňde boljak sammitiň çäklerinde gol çekiljek resminamalara ser saldylar.

Formatyň çäklerinde syýasy dialogy ösdürmek, hemmetaraplaýyn bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny, ulag aragatnaşygyny giňeltmek, şeýle-de durnukly ösüş we ekologiýa meselelerine aýratyn üns berildi.

“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygynyň jemleri boýunça Maglumat beýanaty kabul edildi.