Täze habarlar

Hyzmatdaşlyk

Ýene
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk
24.02.2021

24-nji fewralda BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň (BMG ÝYK) Içerki ulag boýunça Komitetiniň 83-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan «Hazar deňzi sebitinde pandemiýa döwründe ulag we söwda gatnaşyklarynyň durnuklylygy» diýen mowzuk boýunça onlaýn görnüşinde duşuşyk gurady.

Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewürler bileleşikleri hyzmatdaşlyk ýolunda
23.02.2021

23-nji fewralda Türkmenistanyň Senagatçylar we  telekeçiler birleşmesiniň Başlygy Döwran Hudaýberdiýew bilen “MEDEF International”-yň (Fransiýanyň kärhanalar  hereketi) Ýerine ýetiriji direktory Filipp Gotýeniň (Philippe Gautier) onlýan duşuşygy geçirildi, onuň jemi boýunça Birleşme bilen “MEDEF International”-yň arasynda özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekildi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
18.02.2021

Şu gün Daşary işler ministrliginde Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistan boýunça söwda baradaky ýörite wekili hanym Emma Nikolsonyň ýolbaşçylygyndaky wekilleri bilen söwda-ykdysady meseleleri boýunça onlaýn duşuşyk geçirildi.

Jemgyýet

Ýene
Ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat
18.02.2021

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň Diplomatik işgärleriniň gününe gabatlanylyp, “Türkmenistanyň diplomatiýasy – onuň taryhy, häzirki döwri, geljegi” atly ylmy maslahat geçirildi.

Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
17.02.2021

Şu gün “Bagtyýar zaman” obasynda 2020-nji ýylyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy etraby diýen dereje ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi bolan S.A.Nyýazow adyndaky etraba mynasyp bolan baýragy – ABŞ-nyň 1 million dollaryny gowşurmak dabarasy boldy. 

Mekdepde ekologiýa  baýramy -- Durnalar  güni bellenildi
17.02.2021

Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň 30-njy mekdebinde tebigaty goramak guramalarynyň nyşany bolan dünýäde iň ajaýyp guşlaryň biri Durnalar güni mynasybetli ekologiýa baýramy geçirildi. Bu waka gabatlanyp bu guşlaryň görnüşleriniň biri çal durnanyň Amyderýa jülgesinde we Lebap welaýatynyň günortasyndaky oňa golaý ýerlerde gyşlaýan döwri saýlanyldy.

Ykdysadyýet

Ýene
Birža täzelikleri
28.02.2021

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.

Tejribä  daýanyp
26.02.2021

Şu ýyl Daşoguz welaýatynda kösükli ekinleri we künji ekmek üçin dört müň gektardan gowrak meýdan bölünip berildi. Onuň aglaba bölegine – ýene-de üç müň ýedi ýüz gektar meýdana mäş ekiler.

Ýyllaryň synagyndan geçen
25.02.2021

Marynyň «Ýeňiş» tikinçilik fabriginiň işgärleri öz işledýän enjamlarynyň ygtybarlydygyny, ýokary öndürijiliklidigini, hyzmatynyň ýeňildigini aýdýarlar. Muňa Ýaponiýanyň «Juki» firmasy bilen kyrk ýyllyk hyzmatdaşlyk esas berýär, erkek adamlaryň köýnegini çykarmak boýunça ýurdumyzda iň iri kärhananyň tikinçilik sehi bu firmanyň enjamlary bilen üpjün edilendir.

Medeniýet

Ýene
Ýürege ýakyn,  ýürekden  aýdylýan   köp sesli aýdym – a kapella
25.02.2021

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda halkara onlaýn-duşuşyklary tapgyry Amerikanyň «re Voiced» wokal toparynyň konserwatoriýanyň, Daňatar Öwezow adyndaky sazçylyk orta hünär mekdebiniň, şeýle hem welaýatlaryň  sazçylyk mekdepleriniň hor toparlary bilen bilelikdäki wirtual-konserti bilen jemlendi.

Kanonyň, dutaryň we gyjagyň özara söhbedi
24.02.2021

«Ermenistanyň we Türkmenistanyň kirişli halk saz gurallary» temasyndan halk saz gurallary ussatlarynyň ikinji halkara onlaýn-duşuşygy geçirildi. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň we Komitas adyndaky Ýerewan döwlet konserwatoriýasynyň talyplarydyr mygallymlary gatnaşdylar.

«Dessanyň» hoşowaz çykyşlary
23.02.2021

Daşoguz welaýatynyň M. Garlyýew adyndaky ýörüteleşdirilen sungat mekdebiniň «Dessan»  skripkaçylar topary  täze konsert maksatnamasyny taýýarlady.

Sport

Ýene
Zehinli türgenler barha köpelýär
07.01.2021

Daşoguz welaýatynda zehinli ýaş welosipedçi türgenleriň ençemesi ýetişip gelýär. Olaryň köpüsi Daşoguz

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlaryny goldady
04.11.2020

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Daşoguzda köpçülikleýin welosiped ýörüşi geçirildi
26.10.2020

25-nji oktýabrda ýurduň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25

Teswirlemeler
Ýene
Wakalaryň jümmüşinde
Ýene
Ylym
Ýene

Resmi

Ýene
RESMI HABAR
02.02.2021

Halklaryň arasynda dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy has-da pugtalandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesli sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek, Türkmenistanda olimpiýa hereketini ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine Türkmenistanyň Tennis federasiýasy hem-de Halkara Tennis federasiýasy bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 18-nji dekabrynda çykaran 1539-njy karary esasynda 2020-nji ýylyň 8-15-nji iýuny aralygynda geçirilmegi bellenen Tennis boýunça Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynyň tapgyryny 2021-nji ýylyň 6-12-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Tennis toplumynda agzalan karara laýyklykda geçirmäge ygtyýar berildi.

Resmi habarlar
26.11.2020

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem h