25.06.2026
2491
Tokioda "Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna" atly ýubileý medalyň gowşurylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 25-nji iýunynda Tokioda Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo "Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna" atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy geçirildi.
25.06.2026
2823
Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäheriniň Hytaý Kommunistik Partiýasynyň Hubeý welaýat Komitetiniň Sekretary jenap Guan Çžio – açyklygyň içerki merkezi we strategik öwrülme” diýen simwoliki at bilen amala aşyrylan giň gerimli tanyşlyk saparynyň çäklerinde gelen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de ŞHG ýaly öňdebaryjy halkara guramalaryň bilermenleriniň wekiliýeti bilen resmi duşuşyk geçirdi.
25.06.2026
2470
Astana şäherinde türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň täze ugurlary kesgitlenildi
2026-njy ýylyň 24-nji iýunynda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
25.06.2026
2604
Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň «Ýeňiş» kitaphana şahamçasy bilen Bagyr medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň rowaç menzilleri» atly çäre hem-de kitap sergisi geçirildi.
25.06.2026
6078
Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Nataşa Pirs-Musara Sloweniýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
24.06.2026
3337
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al-Tanä Ras Laffan senagat zolagynda ýerleşýän, tebigy gazy gaýtadan işleýän zawodda bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.
24.06.2026
4526
Oňyn halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdar Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara dost-doganlyk gatnaşyklary — parahatçylygyň we ösüşiň berk binýady” atly maslahat geçirildi.
24.06.2026
3573
Medeniýet hepdeligi — 2026: üçünji gün
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýeti bolan wakalarynyň üstüni ýetiren Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde sungatyň, çeper döredijiligiň dürli görnüşlerini öz içine alýan köp sanly medeni çäreler ýaýbaňlandyryldy.
24.06.2026
3214
Daşoguz welaýaty: gök önümleriň bol hasyly öndürilýär
Şu günler welaýatyň gök ekerançylary üçin gyzgalaňly möwsüm dowam edýär. Meýdanlarda ýeralma ýygymy tamamlanyp barýar, ýazlyk hyýardyr käşiriň ýygymy-da ýokary depginde alnyp barylýar.
24.06.2026
2708
Sanly geljege köpri: türkmen talyplary Rumyniýada ýokary tehnologiýalary özleşdirýärler
Dünýä ykdysadyýetiniň ählumumy sanlylaşdyrma döwründe her bir döwletiň ösüşi üçin esasy faktor ýokary kwalifikasiýaly dürli tarapdan pikirlenmegi we öňdebaryjy tehnologiki çözgütler bilen işlemegi başarýan IT-hünärmenleri taýýarlamakdan ybarat.