29.10.2023
6826
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
2023-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Eýran Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golam Abbas Arbab Khales bilen duşuşdy.
29.10.2023
5397
Türkmenistan ŞHG-niň we GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň Bişkekde geçirilen mejlislerine gatnaşdy
2023-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň 22-nji mejlisi geçirildi. Çärede türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýolbaşçylyk etdi.
29.10.2023
6304
Türkmenistan «Tourism Expo Osaka 2023» syýahatçylyk sergisine gatnaşýar
2023-nji ýylyň 26-29-njy oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «Tourism Expo Osaka 2023» atly halkara syýahatçylyk sergisinde Türkmenistanyň milli diwarlygy mynasyp orun aldy.
29.10.2023
12983
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti adatdan daşary ýagdaýlarda ilkinji kömegi bermek boýunça okuw geçirdi
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (TGÝMJ) Bütindünýä ilkinji kömegi bermek gününe bagyşlanan okuw we amaly çäre geçirdi.
28.10.2023
7809
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi.
28.10.2023
5987
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Karagandy oblastynda ýerleşýän Kostenko adyndaky şahtada bolup geçen ýangynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
28.10.2023
6067
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe şahtada bolup geçen heläkçilik zerarly gynanç hatyny iberdi.
28.10.2023
10404
“Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Balkan welaýatynda elektrik stansiýany gurmak üçin “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, türkmen elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak, elektrik energetikasy pudagyna täze, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasyny we ony energoulgama birikdirmek üçin gerek bolan elektrik geçiriji ulgamlary gurmak hem-de bar bolan döwlet elektrik stansiýalary üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary satyn almak barada Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
28.10.2023
8276
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine “Arçman” şypahanasynda goşmaça täze binalar toplumyny gurmak üçin “Nahal” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň çäklerinde bar bolan mineral suwlaryň, şypahana bejerişiniň dürli ugurlaryny ylmy esasda öwrenip, olaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda goşmaça täze 400 orunlyk bejeriş merkeziniň binalar toplumynyň taslamasyny düzmek we ony döwrebap enjamlar bilen üpjün edip, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak hem-de ozal bar bolan “A” we “B” binalarynyň durkuny täzelemek işlerini ýerine ýetirmek barada “Nahal” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
28.10.2023
7896
Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň Türkmen böleginiň ýolbaşçylarynyň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň hem-de onuň kiçi komitetleriniň türkmen böleginiň ýolbaşçylarynyň düzümi tassyklanyldy.