Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti (TGÝMJ) Bütindünýä ilkinji kömegi bermek gününe bagyşlanan okuw we amaly çäre geçirdi.
Türgenleşik meýdançasynda okuwa gatnaşýanlar ýer titreme, suw joşguny, sähra ýangyny, sil gelme we toprak süýşmesi ýaly adatdan daşary tebigy ýagdaýlar bilen tanyşdylar. Adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, özüňi alyp baryş kadalaryny öwrendiler, şeýle hem lukmandan owal ilkinji kömegi bermek boýunça amaly tälim aldylar.
Alnan bilimleri netijeli berkitmek üçin, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň işgärleri we meýletinçileri okuwa gatnaşýanlary hakyky betbagtçylykly ýagdaýlara mümkin boldugyça meňzedilen emeli maşklary ýerine ýetirmäge çagyrdylar.
![]() |
![]() |
![]() |
![]() |
Hünärmenleriň gözegçiligi astyndaky geçen okuw we amaly sapaklarda täze ýetişen ilkinji kömek hünärmenleri gyssagly çäreler toplumynyň üstünde işlediler. Bularyň arasynda adaty däl ýagdaýlara baha bermek ukyby, ýürek-öýken reanimasiýasyny geçirmek endikleri, gan akmany duruzmak, ýarany daňmak we ş.m. endikler bar.
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý toparynyň wekilleriniň pikiriçe, işjeň ilkinji kömek diňe bir nazary bilimi däl, eýsem yzygiderli tejribäni hem talap edýär. Adaty bolmadyk ýagdaýa düşeniňde, özüňi howsala aldyrmazlyk, ejir çekenlere kömek etmek we, belki, biriniň janyny halas etmek üçin başlangyç okuwy geçmeli. Şonuň üçin ilaty ilkinji kömek usullary boýunça taýýarlamak işi yzygiderli alnyp barylýar.
TGÝMJ-de işgärleriň we meýletinleriň tejribesini we hünär derejesini ýokarlandyrmak hem kämilleşdirmek işi hemişe alnyp barylýar. Okuw kurslary ýola goýulýar we adatdan daşary ýagdaýlarda çalt hereket edýän toparlar döredilýär. Mundan başga-da, her ýyl tomus lagerleri döredilýär, bu ýerde ýaşlardan we meýletinlerden ilkinji kömegi bermek boýunça tälimçiler taýýarlanýar.
![]() |
![]() |
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti 1926-njy ýylyň 26-njy martynda döredilipdir. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» şygary astynda geçýän şu ýylda bu Milli jemgyýet döredilmeginiň 97 ýyllygyny belleýär. Şu ýagdaý mynasybetli ýaş nesliň gatnaşmagynda aksiýalar, bäsleşikler we çäreler geçirilýär.
Iň soňky maglumatlara görä, TGÝMJ-de 5 welaýat, 3 şäher, 36 etrap şahamçasy bar. Ýurt boýunça meýletinçileriň sany dört müňden geçýär.
Ýüz ýyllyk ýubileýine taýýarlyk görmek bilen, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Merkezi edarasy welaýat bölümleri bilen bilelikde 2026-njy ýyl üçin simwolik nyşanlary döretmek üçin tender (bäsleşik) yglan etdi.





