Sport
10.11.2026
683
Türkmenistanly Muminjan Arzykulow söweş sambosy boýunça dünýäniň iki gezek çempiony boldy
Lebap welaýatyndan bolan 28 ýaşly türgen Muminjan Arzykulow söweş sambosy boýunça dünýä çempionatynyň altyn medalyny ikinji gezek gazanyp, Türkmenistanyň ýygyndysynyň hasabyna Daşkentde geçirilen 50-nji ýubileý dünýä çempionatynyň ikinji altyn medalyny goşdy. Ýaryşlar Özbegistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän «Game Sports Arena» sport toplumynda geçirildi.
07.11.2026
1274
Türkmen pälwany dünýä çempiony boldy
Türkmen sportunyň taryhyna ýene bir şanly üstünlik ýazyldy. Daşoguz welaýatyndan 21 ýaşly türgen Sanjarbek Öwezberdiýew Daşkent şäherinde geçirilen sambo boýunça 50-nji dünýä çempionatynda altyn medala mynasyp boldy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby bu üstünligi söweş sambosy boýunça 64 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Bu agram derejesinde 18 türgen baýrakly orunlar ugrunda bäsleşdi.
06.11.2026
1353
Türkmenistanly türgenler 2026-njy ýylyň on aýynda 590 medal gazandylar
Şu ýylyň ýanwar – oktýabr aýlarynda ýurdumyzyň sport ussatlary halkara ýaryşlarda 179 altyn, 188 kümüş we 223 bürünç medala mynasyp bolmak bilen, jemi 590 medal gazandylar.
05.11.2026
2037
«Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda «Gol Gohar» toparyny ýeňdi
Ýaryşyň «B» toparçasyna wekilçilik edýän «Arkadag» toparynyň futbolçylary ikinji ýeňşini gazanyp, AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň utulan-çykdy tapgyryna çykmak ugrunda möhüm ädim ätdiler. Toparçalaýyn tapgyryň dördünji duşuşygynyň çäginde Türkmenistanyň häzirki çempiony Eýranyň «Gol Gohar» toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi.
04.11.2026
2135
Küşt boýunça milli Kubogyň ýeňijileri belli boldy
Aşgabat şäherinde intellektual sportuň uly baýramçylygyna öwrülen Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşy tamamlandy.
02.11.2026
2821
Türkmenistanly agyr atletikaçy ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordlaryny goýdy
16 ýaşly türkmen agyr atletikaçysy Şabnam Kerimbaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň Ninbo şäherinde dowam edýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ýetginjekleriň arasynda iki sany dünýä rekordyny goýup, dünýä sporty taryhyna girdi.
02.11.2026
3006
Türkmen karateçisiniň halkara üstünligi
Türkmen türgeni Dawut Nazmyradow Russiýanyň paýtagtynda tamamlanan «Moskwa – Karate älemi 2026» atly abraýly halkara ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy.
01.11.2026
2681
«Altyn asyr» topary kümüş medallar ugrundaky bäsleşikde «Ahal» toparyndan arany açýar
Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynda baýrakly orunlar ugrunda çekeleşikli bäsleşik dowam edýär.
31.10.2026
1682
Türkmen topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynda Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen duşuşdy
Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji duşuşygynda Eýranyň «Gol Gohar» topary bilen 0:0 hasabynda deňme-deň oýnap, möhüm utuk gazandy. Duşuşyk eýran toparynyň öz meýdançasyndaky oýunlaryny geçirmäge mejbur bolýan Täjigistanyň Hisar şäherinde geçirildi.
31.10.2026
2943
Aşgabatda ýaş we uly ýaşly çapyksuwarlaryň arasynda konkur ýaryşlary geçirildi
Aşgabat şäherindäki atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde ýaş hem-de tejribeli çapyksuwarlary bir ýere jemlän konkur ýaryşlary geçirildi. Bäsleşige jemi 20 türgen: 9 sany ýaş çapyksuwar we 11 sany uly ýaşly ussat gatnaşdy.