Sport
26.09.2026
2609
Türkmenistanyň ýeňil atletika boýunça türgenleri Ýaponiýada geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda çykyşlaryna başladylar
Türkmen ýeňil atletikaçylary Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň dolandyryş merkezi bolan Nagoýa şäherinde dowam edýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda ilkinji çykyşlaryny geçirdiler.
26.09.2026
2522
Türkmenistanly tennisçi ABŞ-da we Awstraliýada geçiriljek ýaryşlara gatnaşmak üçin bäsleşer
13 ýaşly tennisçi Näzli Hudaýgulyýewa 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryndan 2-nji oktýabry aralygynda Taýlandyň Nonthaburi welaýatynda geçiriljek abraýly «GSPDP Asian 14U Junior Championships 2026» ýaryşynda ilkinji gezek Türkmenistana wekilçilik eder.
24.09.2026
2281
Türkmen küştçüleri Samarkant şäherinde geçirilýän Olimpiadada Awstriýanyň topary bilen bäsleşdiler
Samarkantda dowam edýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynyň 7-nji tapgyry geçirildi. Tapgyrda 65-nji belgide ýerleşdirilen Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary özünden has ýokary reýtingli Awstriýanyň topary (27-nji belgi) bilen 2:2 hasabynda şu ýaryşda ikinji gezek deňme-deň oýnadylar.
24.09.2026
2240
Ýokary ligada çekeleşikli duşuşyklar
Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasyndaky futbol boýunça çempionatynyň 20-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Olar janköýerler üçin çekeleşikli we dartgynly pursatlara baý boldy. Tapgyryň çägindäki duşuşyklaryň üçüsi Aşgabatda, Balkanabatda we Türkmenbaşy şäherlerinde geçirildi.
24.09.2026
2612
Karateçi Dawut Nazmyradow XX tomusky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndysyna ilkinji medaly getirdi
Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň merkezi Nagoýa şäherinde dowam edýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň ýygyndy toparyna ilkinji baýragy kümüş medaly karateçimiz Dawut Nazmyradow getirdi.
24.09.2026
2274
Türkmenistanda 1200 orunlyk täze Ahalteke atçylyk toplumy açylar
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň toýlanýan günlerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň 1200 orunlyk Ahalteke atçylyk toplumy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga beriler. Bu barada 23-nji sentýabrda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
23.09.2026
2549
Türkmen küştçi gyzlary Samarkantda geçýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda Argentinanyň ýygyndysyny ýeňdiler
Türkmenistanly küştçi gyzlaryň ýygyndysy Samarkantda dowam edýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda dördünji ýeňşini gazandy.
23.09.2026
906
Samarkantda geçýän Olimpiadada türkmen küştçüleri Daniýanyň toparyndan üstün çykdylar
Häzirki wagtda Samarkantda dowam edýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary dördünji gezek ýeňiş gazandy. Altynjy tapgyrda türkmen küştçüleri ilkinji üç tagtada halkara grossmeýsterler, dördünji tagtada bolsa halkara ussatlary reýtingde 25-nji orny eýeleýän Daniýanyň toparyny 3,5:0,5 hasabynda utdular.
21.09.2026
2835
Türkmen türgenleri XX tomusky Aziýa oýunlaryna girişdiler
Türkmen türgenleri Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň merkezi Nagoýa şäherinde başlanan XX tomusky Aziýa oýunlarynda çykyş etmäge başladylar. Dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hem janköýerleri indi iki hepde bäri her dört ýylda bir gezek geçirilýän köpugurly sport ýaryşlaryny sypdyrman, tomaşa edýärler.
20.09.2026
2534
Türkmenistanyň toparlary Samarkantda geçýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda her biri üç ýeňiş gazandy
Özbegistanyň Samarkant şäherinde dowam edýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler we zenanlar toparlary üçünji ýeňşini gazandylar.