02.10.2026
515
Russiýaly bilermen Türkmenistanda ahalteke atçylygynyň ösüşine ýokary baha berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylyşyna dünýäniň dürli ýurtlaryndan ahalteke tohumly bedewleriň köp sanly muşdaklary gatnaşdy. Hormatly myhmanlaryň arasynda Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, K.A. Timirýazew adyndaky Russiýanyň Döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň atçylyk muzeýiniň ylmy işgäri, makalalaryň awtory, fotosuratçy hem-de bu tohuma uly gyzyklanma bildirýän Ýuliýa Nikolaýewna Kuznesowa hem bardy.
01.10.2026
760
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady.
01.10.2026
722
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
Ilki bilen, Fransiýanyň milli baýramy mynasybetli iberen Gutlagyňyz üçin Size hoşallyk bildirmek isleýärin. Öz gezegimde, Sizi hem-de Türkmenistanyň halkyny ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de bagtyýarlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.
01.10.2026
460
Aşgabat daşary ýurtly maýadarlar bilen konstruktiw dialogy giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň paýtagtynda öz işine başlan Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara Gutlagyny iberdi. Bu çäre daşary ýurtly maýadarlar, halkara maliýe institutlary, Türkmenistanyň döwlet edaralary we hususy pudagynyň arasynda dialogy giňeltmäge gönükdirilendir.
01.10.2026
470
Durmuş tejribesi we ýaşulularyň paýhasy döwletiň hem-de jemgyýetiň binýatlaryny berkidýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ýaşuly nesillerine we ähli halkyna Gutlagyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýaşuly nesillere çuňňur hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek müňýyllyklardan gözbaş alýan milli ýörelgelerimiziň hem-de nesilara dowamatlylygymyzyň binýatlyk esasydygyny nygtady.
01.10.2026
543
Türkmen ýokary okuw mekdebinde emeli aňa esaslanan «Elektron uniwersitet» innowasion platformasy işe girizildi
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebiň hünärmenleri we talyplary tarapyndan bilelikde işlenilip düzülen emeli aňa daýanýan «Elektron uniwersitet» atly innowasion platformasy işe girizildi.
01.10.2026
455
Nusgawy sazlaryň dünýäsine syýahat
Ýakynda paýtagtymyzyň ýokary sungat muşdaklary «Wladimir Mkrtumow bilen saz barada» atly duşuşygyň ýene bir agşamy üçin «Arkaç» söwda we dynç alyş merkeziniň «Iş nokady» işewürlik merkezinde ýygnandylar.
01.10.2026
469
Makroykdysady durnuklylygy görkezýän Türkmenistan maýa goýumlaryny çekmek üçin açyk
Türkmenistanyň paýtagtynda sebitde geçirilýän esasy işewürlik çäreleriniň biri bolan Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Iki günlük çäre maýadarlary, halkara maliýe guramalarynyň bilermenlerini, innowasion pudagyň wekillerini we ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi.
01.10.2026
378
Ulag, energetika we «ýaşyl» tehnologiýalar: Ýewropa Bileleşigi Türkmenistanyň maýa goýum forumynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Bu halkara we sebit derejesindäki esasy işewürlik çäreleriniň biridir. Bu çäre halkara maýadarlaryny, dünýäniň maliýe guramalarynyň bilermenlerini, innowasion pudagyň wekillerini we ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynyň ýolbaşçylaryny birleşdirýän abraýly meýdança öwrüldi.
01.10.2026
946
Türkmenistanyň DIM-nde Türkiýe Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Şener Jebeji bilen duşuşyk geçirildi.