Kanunlar
23.09.2026
749
Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda Türkmenistanyň Kanuny
Şu Kanun türkmen halkynyň milli gymmatlygy bolan ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär.
10.07.2026
7341
«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
1-nji madda. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny, konstitusion gurluşyny goramakda, ýurdumyzyň goranmak kuwwatyny, howpsuzlygyny berkitmekde hem-de kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde göreldeli gullugy bilen tapawutlanan, şeýle hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe işjeň gatnaşan we ýörişiň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine şahsy goşantlaryny goşan Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini sylaglamak maksady bilen, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli.
17.04.2026
16439
«Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
I. 2010-njy ýylyň 27-nji noýabryndaky «Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 4, 79-njy madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:
17.04.2026
16264
Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
I. Türkmenistanyň şu kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmeli:
17.04.2026
13831
«Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
I. 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 41-nji madda; 2017 ý., № 2, 80-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 54-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:
17.04.2026
16498
«Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
I. 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 41-nji madda; 2013 ý., № 2, 29-njy madda, № 4, 83-nji madda; 2014 ý., № 2, 90-njy madda; 2015 ý., № 1, 38-nji madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 120-nji madda; 2017 ý., № 1, 20-nji we 39-njy maddalar, № 2, 81-nji madda, № 4, 136-njy madda; 2018 ý., № 2, 57-nji madda; 2019 ý., № 4, 78-nji madda; 2020 ý., № 3, 53-nji madda; 2021 ý., № 1, 24-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 2-3, 55-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda, № 2, 33-nji madda; 2025 ý., № 1, 8-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçany girizmeli:
28.11.2025
37701
Ylmy intellektual eýeçilik hakynda Türkmenistanyň Kanuny
Şu Kanun ylmy intellektual eýeçiligiň obýektleri döredilende we peýdalanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär we ylmy intellektual eýeçiligiň obýektlerine eýeçilik hukugynyň goralyp saklanylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir.
28.11.2025
35579
Türkmenistanyň Zähmet kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
I. 2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Zähmet kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 30-njy madda; 2010 ý., № 1, 6-njy madda, № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 1, 26-njy madda, № 4, 81-nji madda; 2012 ý., № 1, 12-nji madda; 2013 ý., № 2, 45-nji madda, № 3, 48-nji madda; 2014 ý., № 2, 76-njy madda, № 4, 129-njy we 151-nji maddalar; 2015 ý., № 1, 35-nji madda, № 3, 112-nji madda; 2016 ý., № 2, 101-nji madda;
28.11.2025
25845
«Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
I. 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 145-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 4, 92-nji madda) 44-nji maddasyna şu üýtgetmeleri girizmeli:
27.11.2025
30443
Wirtual aktiwler hakynda Türkmenistanyň Kanuny
Şu Kanun Türkmenistanda wirtual aktiwleriň döredilmegi, goýberilmegi, saklanylmagy, ýerleşdirilmegi, ulanylmagy we dolanyşygy babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de olaryň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.