Ï «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny

view-icon 7060

I. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 71-nji madda, № 3, 116-njy madda) şu üýtgetmeleri girizmeli:

1) 1-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler aşakdaky manylary aňladýar:

1) bedenterbiýe we sport guramalary — işiniň esasy görnüşi hökmünde bedenterbiýe we sport babatda işi amala aşyrýan ýuridik şahslar;

2) doping — dopinge garşy kadalaryň biriniň ýa-da birnäçesiniň bozulmagy;

3) doping gözegçiligi — testleri geçirmegi meýilleşdirmekden başlap, gutarnykly kararyň we şikaýat etmek boýunça netijäniň ýerine ýetirilmegi bilen, ol tamamlanýança, emma munuň bilen çäklenmeýän, ähli tapgyrlar we iş amallary, testirlemek, derňew, ýerleşýän ýeri barada maglumat bermek, terapewtiki peýdalanmak, nusgalyklary ýygnamak we işlemek, barlaghana barlaglary, netijeleri işläp taýýarlamak hem-de sport kwalifikasiýasyndan mahrum etme ýa-da wagtlaýyn çetleşdirme möhleti döwründe bozulmalar bilen baglanyşykly bolan derňewleri ýa-da seljermeleri geçirmek;

4) Gadagan edilen sanaw — gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň sanawy;

5) gadagan edilen madda — Gadagan edilen sanawda görkezilen madda ýa-da maddalaryň topary;

6) gadagan edilen usul — Gadagan edilen sanawda görkezilen usul;

7) testirlemegiň bellige alynýan bileleşigi — halkara derejede Halkara federasiýa we milli derejede Türkmenistanyň Dopinge garşy göreş barada milli agentligi tarapyndan aýratynlykda düzülýän sanaw. Bu sanaw Halkara federasiýanyň ýa-da Türkmenistanyň Dopinge garşy göreş barada milli agentliginiň testleri paýlaýyş meýilnamasynyň çäginde ýaryş we ýaryşdan daşary testirlenmäge degişli Türkmenistanyň ýokary derejeli türgenlerini öz içine alýar we şunuň bilen baglylykda, olar Bütindünýä dopinge garşy kodekse (mundan beýläk — Kodeks), Testirlemegiň we derňew geçirmegiň halkara standartlaryna laýyklykda, öz ýerleşýän ýeri barada maglumat bermäge borçludyrlar;

8) KAS — Sport arbitraž kazyýeti;

9) Kodeks — soňky girizilen üýtgetmeler bilen 2003-nji ýylyň 5-nji martynda Kopengagende Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan kabul edilen Bütindünýä dopinge garşy kodeks;

10) dopinge garşy milli gurama — her bir ýurt tarapyndan kesgitlenilen, milli derejede esasy ygtyýarlyklary bolan, dopinge garşy kadalaryň kabul edilmegi we doping gözegçiliginiň amala aşyrylmagy üçin jogapkär gurama;

11) nusgalyk — doping gözegçiligini geçirmek maksady bilen alnan biologik material;

12) sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar — agzalyk esasynda döredilen, sportuň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini umumydöwlet derejesinde ösdürmek, umumydöwlet we halkara derejede sport çärelerini geçirmek hem-de sportuň görnüşleri boýunça türgenleri — Türkmenistanyň milli toparlarynyň agzalaryny taýýarlamak maksatlary bolup durýan hem-de döwlet akkreditasiýasyny geçen jemgyýetçilik guramalary;

13) testirleme — testleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegini, nusgalyklaryň alynmagyny, olar bilen işlenilmegini we olaryň barlaghana iberilmegini öz içine alýan doping-gözegçilik iş amalynyň bölegi;

14) Türkmenistanyň Dopinge garşy göreş barada milli agentligi (mundan beýläk — TDGMA) — Türkmenistanda milli derejede dopinge garşy kadalaryň kabul edilmegi we ýerine ýetirilmegi, nusgalyklaryň ýygnalmagy, testirlemäniň netijeleriniň dolandyrylmagy, testirlemäniň netijeleriniň işlenilip taýýarlanylmagy boýunça esasy ygtyýarlyklary bolan jemgyýetçilik guramasy;

15) türgen — halkara derejede (her bir Halkara federasiýa tarapyndan kesgitlenilişine laýyklykda) ýa-da milli derejede (dopinge garşy her bir milli gurama tarapyndan kesgitlenilişine laýyklykda) sport bilen meşgullanýan şahs;

16) türgeniň personaly — sport ýaryşyna taýýarlyk görýän ýa-da gatnaşýan türgen bilen işleýän tälimçi, gözükdiriji, menejer, agent, toparyň tehniki personaly, wezipeli adam, şeýle hem lukmançylyk kömegini berýän lukmançylyk ýa-da paralukmançylyk personaly, ata-ene ýa-da beýleki islendik şahs;

17) Bütindünýä dopinge garşy agentlik (mundan beýläk — BDGA) — 1999-njy ýylyň 10-njy noýabrynda şweýsar kanunçylygyna laýyklykda şu at bilen döredilen gazna;

18) Halkara standarty — Kodeksi goldamak üçin BDGA tarapyndan tassyklanan standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminama, Halkara standartyna laýyklykda (başga alternatiw standarta, iş ýöredişe ýa-da önümçiligine gapma-garşylykda) halkara standartynda görkezilen önümçiligiň degişli derejede geçirilendigini kesgitlemäge ýeterlik esas bolan we Halkara standartlaryna laýyklykda neşir edilen standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalar;

19) doping gözegçiliginiň ygtyýarly toparlary — halkara ýa-da milli dopinge garşy guramalaryň ýolbaşçylygynda hereket edýän doping-gözegçilik toparlary;

20) ýaryş — tutluşyk, oýun ýa-da gaýry sport bäsleşigi;

21) ýaryş döwri — türgeniň gatnaşmagy üçin ýüz tutulan sport ýaryşynyň başlanmagyndan bir gün öň sagat 23:59-dan başlap, bu sport ýaryşy we bu sport ýaryşy bilen baglanyşykly nusgalyk ýygnamak işi tamamlanýança dowam edýän döwür. Eger Halkara federasiýa tarapyndan sportuň degişli görnüşi üçin başga kesgitlemäniň zerurdygynyň hakyky esaslandyrmasy berilse, BDGA sportuň aýry görnüşi üçin başga kesgitlemäni tassyklap biler;

22) ýaryşdan daşary döwür — ýaryş döwrüne degişli bolmadyk döwür;

23) ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýasy — Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş konferensiýasy tarapyndan 2005-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Parižde kabul edilen we 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan tassyklanylan konwensiýa.

Şu Kanunyň maksatlary üçin Kodeksde we ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýasynda göz öňünde tutulan gaýry düşünjeler hem ulanylyp bilner.»;

2) 2-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, ÝUNESKO-nyň sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Halkara konwensiýasynda we Kodeksde beýan edilen sportda dopinge garşy göreş babatda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulmagynyň ykrar edilmegine esaslanýar hem-de şu Kanundan we TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryndan ybaratdyr.»;

3) 3-nji maddada:

1-nji bentde «ulanylmagynyň» diýen sözi aýyrmaly, «amala aşyrylmagy» diýen sözleri «durmuşa geçirilmegi» diýen sözlere çalşyrmaly;

3-nji bentde «Bütindünýä dopinge garşy kodekse» diýen sözleri «Kodekse» diýen söze çalşyrmaly;

7-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«7) terapewtik taýdan peýdalanmaga rugsat berilmeginiň esasynda peýdalanmakdan başga halatlarda türgenler tarapyndan ulanylmagyny çäklendirmek maksady bilen, sportda peýdalanylmagy gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň elýeterliliginiň öňüniň alynmagy we onuň çäklendirilmegi boýunça çäreleriň görülmegi. Olaryň hataryna gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň türgenleriň arasynda ýaýradylmagyna garşy göreş çäreleri we degişlilikde olaryň öndürilmegine, geçirilmegine, getirilmegine, ýaýradylmagyna we satuwyna gözegçilik etmek boýunça çäreleriň görülmegi girýär;»;

8-nji bendi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

9-njy bentde «kadany» diýen sözi «kadalary» diýen söze çalşyrmaly, «ýa-da sportda doping bilen baglanyşykly başga düzgün bozulmany amala aşyran» we «kömekçi» diýen sözleri aýyrmaly;

11-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«11) TDGMA-nyň dopinge garşy göreş işiniň hem-de Kodekse laýyklykda doping gözegçiliginiň geçirilmeginiň maliýeleşdirilmegi üçin serişdeleriň bölünip berilmegi;»;

12-nji bentde «kadany» diýen sözi «kadalary» diýen söze çalşyrmaly we «kömekçi» diýen sözi aýyrmaly;

13-nji bentde «Bütindünýä dopinge garşy kodeksini ýa-da şol Kodekse» diýen sözleri «Kodeksi ýa-da oňa» diýen sözlere çalşyrmaly;

15-nji, 16-njy, 18-nji bentlerde «Bütindünýä dopinge garşy agentlik», «Bütindünýä dopinge garşy agentligine» we «Bütindünýä dopinge garşy agentligi» diýen sözleri «BDGA» diýen söze çalşyrmaly;

17-nji bentde «Bütindünýä dopinge garşy agentligine we Bütindünýä dopinge garşy kodeksine» diýen sözleri «BDGA we Kodekse» diýen sözlere çalşyrmaly;

4) 4-nji maddanyň 1-nji bendinde «Türkmenistanyň dopinge garşy Milli agentligi» diýen sözleri «TDGMA» diýen söze çalşyrmaly;

5) II babyň adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«TÜRKMENISTANYŇ DOPINGE GARŞY GÖREŞ BARADA MILLI AGENTLIGI»;

6) 5-nji maddada:

adynda «Türkmenistanyň dopinge garşy Milli agentligini» diýen sözleri «TDGMA-ny» diýen söze çalşyrmaly;

birinji bölekde «Türkmenistanyň dopinge garşy Milli agentligi (mundan beýläk — TDGMA)» diýen sözleri «TDGMA» diýen söze çalşyrmaly;

ikinji bölekde «Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan ykrar edilen jemgyýetçilik birleşigi bolup,», «Bütindünýä dopinge garşy kodeksine» we «Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň» diýen sözleri degişlilikde «Türkmenistanda milli derejede esasy ygtyýarlyklary bolan we dopinge garşy kadalaryň kabul edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi, nusgalyklaryň ýygnalmagy, testirlemäniň netijeleriniň dolandyrylmagy, testirlemäniň netijeleriniň işlenilip taýýarlanylmagy üçin jogapkärçilik çekýän hökmünde kesgitlenilen dopinge garşy milli gurama bolup,», «Kodekse» we «BDGA» diýen sözlere çalşyrmaly;

bäşinji bölekde «Bütindünýä dopinge garşy kodeksinde» diýen sözleri «Kodeksde» diýen söze çalşyrmaly;

ýedinji bölekde «beýleki sport» diýen sözleri «bedenterbiýe we sport» diýen sözlere çalşyrmaly we «kömekçi» diýen sözi aýyrmaly;

7) 6-njy maddada:

ikinji bölekde:

birinji tesimde «öňde goýlan wezipeleri» we «maksady bilen» diýen sözleri degişlilikde «öz wezipelerini» we «üçin» diýen sözlere çalşyrmaly;

1-nji bentde «maksatnamasynyň taslamasyny» diýen sözleri «maksatnamany» diýen söze çalşyrmaly;

4-nji bentde «Bütindünýä dopinge garşy kodeksiň» diýen sözleri «Kodeksiň» diýen söze çalşyrmaly we «ähli» diýen sözi aýyrmaly;

5-nji we 9-njy bentlerde «Bütindünýä dopinge garşy agentlik» diýen sözleri «BDGA» diýen söze çalşyrmaly;

7-nji bentde «dopingiň ulanylmagynyň halatlary boýunça» diýen sözleri «dopinge degişli» diýen sözlere çalşyrmaly;

8-nji bentde «kömekçi» diýen sözi aýyrmaly, «Bütindünýä dopinge garşy kodekse» we «Bütindünýä dopinge garşy agentlik» diýen sözleri degişlilikde «Kodekse» we «BDGA» diýen sözlere çalşyrmaly;

10-njy bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«10) Gadagan edilen sanawa laýyklykda gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň maglumatlar binýadyny alyp barýar;»;

11-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«11) Gadagan edilen sanawa laýyklykda gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň sanawyny her ýylda çap edýär;»;

12-nji bentde «Bütindünýä dopinge garşy agentligini» diýen sözleri «BDGA-ny» diýen söze çalşyrmaly;

8) 7-nji maddada:

adyny şu görnüşde beýan etmeli:

«TDGMA babatda bedenterbiýe we sport guramalarynyň, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň we türgenleriň borçlary»;

birinji bölekde:

birinji tesimi şu görnüşde beýan etmeli:

«1. Bedenterbiýe we sport guramalary, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar şulara borçludyrlar:»;

3-nji bentde «dopingiň ulanylmagyna» we «gözegçiligini geçirmek üçin niýetlenilen» diýen sözleri degişlilikde «dopinge» we «gözegçiligi üçin» diýen sözlere çalşyrmaly;

5-nji bentde «kömekçi» diýen sözi aýyrmaly;

7-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«7) KAS tarapyndan çykarylan çözgütleri goşmak bilen, TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda çykarylan çözgütleri doly ýerine ýetirmäge.»;

ikinji bölekde «Sport guramalary» we «doping serişdeleri we doping usullary» diýen sözleri degişlilikde «Bedenterbiýe we sport guramalary hem-de sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalar» we «gadagan edilen maddalar we gadagan edilen usullar» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji bölekde:

birinji tesimde «kömekçi» diýen sözi aýyrmaly;

üçünji tesimde «Sportuň» diýen sözi «Bedenterbiýe we sport guramalary hem-de sportuň» diýen sözlere çalşyrmaly;

dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Türgenler dopinge garşy TDGMA tarapyndan kabul edilen kadalary bilmäge we berjaý etmäge borçludyrlar.»;

9) 9-njy maddada:

adynda «geçirilýän doping gözegçiligi» diýen sözleri «geçirilýän testirleme» diýen sözlere çalşyrmaly;

ikinji bölekde «Bütindünýä dopinge garşy agentlik tarapyndan kabul edilen» diýen sözleri «BDGA tarapyndan kabul edilen degişli» diýen sözlere çalşyrmaly;

üçünji bölekde «doping gözegçiligini» diýen sözleri «testirlemäni» diýen söze çalşyrmaly;

dördünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«4. Testirlemäniň amaly TDGMA tarapyndan Kodeksiň we testirlemek üçin degişli Halkara standartynyň berjaý edilmegi bilen işlenip taýýarlanylan testirlemäni guramagyň we geçirmegiň usulyýet kadalarynda resmileşdirilýär.»;

bäşinji bölekde «Doping gözegçilik» diýen sözleri «Testirleme» diýen söze çalşyrmaly;

altynjy bölekde «Bütindünýä dopinge garşy kodeksine» diýen sözleri «Kodekse» diýen söze çalşyrmaly;

10) 10-njy maddada:

üçünji bölegi şu görnüşde beýan etmeli:

«3. TDGMA türgenden, şol sanda ýaryşa gatnaşmakdan mahrum etme möhletde bolýan türgenden islendik wagtda we islendik ýerde nusgalyk berilmegini talap edip biler. Türgen testirleme geçirmek baradaky talaba boýun bolmaga borçludyr.»;

dördünji bölegi güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli;

altynjy bölekde «we Bütindünýä dopinge garşy agentliginiň degişli sertifikatlaryny alan» diýen sözleri aýyrmaly;

11) 11-nji maddanyň mazmunynda «Bütindünýä dopinge garşy agentlik» we «Bütindünýä dopinge garşy agentligine» diýen sözleri «BDGA» diýen söze çalşyrmaly;

12) 12-nji maddada:

1-nji bentde «sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdeleri» we «şunuň ýaly doping serişdeleri» diýen sözleri degişlilikde «gadagan edilen maddalar» we «şunuň ýaly gadagan edilen maddalar» diýen sözlere çalşyrmaly;

2-nji bentde «doping usullaryny» diýen sözleri «gadagan edilen usullary» diýen sözlere çalşyrmaly;

3-nji bentde «doping serişdeleriniň we doping usullarynyň» diýen sözleri «gadagan edilen maddalaryň we gadagan edilen usullaryň» diýen sözlere çalşyrmaly;

5-nji bentde «sportda ulanylmagy gadagan edilen doping serişdelerini we doping usullaryny» diýen sözleri «gadagan edilen maddalary we gadagan edilen usullary» diýen sözlere çalşyrmaly;

13) 13-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Dopinge garşy kadalaryň bozulmagynyň halatlaryna şu aşakdakylar degişlidir:

1) türgenden alnan nusgalykda gadagan edilen maddanyň ýa-da onuň metabolitleriniň ýa-da markerleriniň bolmagy;

2) gadagan edilen maddalaryň ýa-da gadagan edilen usullaryň türgen tarapyndan peýdalanylmagy ýa-da peýdalanylmaga synanyşyk edilmegi;

3) türgeniň nusgalyk tabşyrmakdan boýun gaçyrmagy, nusgalyk tabşyrmaga barmakdan ýüz döndermegi ýa-da barmazlygy;

4) bolýan ýeri barada maglumat bermek boýunça tertibiň türgen tarapyndan bozulmagy;

5) doping gözegçiliginiň islendik düzüm böleginiň türgen ýa-da başga bir adam tarapyndan galplaşdyrylmagy ýa-da galplaşdyrmaga synanyşyk edilmegi;

6) gadagan edilen madda ýa-da gadagan edilen usula türgen ýa-da türgeniň personaly tarapyndan eýe bolunmagy;

7) gadagan edilen maddanyň ýa-da gadagan edilen usulyň türgen ýa-da başga bir adam tarapyndan ýaýradylmagy ýa-da ýaýradylmaga synanyşyk edilmegi;

8) gadagan edilen maddanyň ýa-da gadagan edilen usulyň türgene bellenilmegi ýa-da bellenilmäge synanyşyk edilmegi;

9) dopinge garşy kadalaryň bozulmagyna türgen ýa-da başga bir adam tarapyndan şärikli gatnaşylmagy ýa-da şärikli gatnaşylmaga synanyşyk edilmegi;

10) gadagan edilen hyzmatdaşlykda türgen ýa-da başga bir adam tarapyndan bolunmagy;

11) dopinge garşy kadalaryň bozulmalary barada degişli edaralara maglumat berilmegine türgen ýa-da başga bir adam tarapyndan päsgel berilmegi ýa-da maglumat berlendigi üçin ar almak maksady bilen hereket edilmegi.»;

14) 14-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«TDGMA tarapyndan kabul edilen we BDGA-nyň hem-de Kodeksiň talaplaryna laýyk gelýän dopinge garşy kadalaryň bozulandygy üçin türgenlere we beýleki adamlara TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda bellenilen sanksiýalar ulanylýar.»;

15) 15-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«15-nji madda. Barlagyň netijesi oňyn bolmadyk halatynda türgeniň hukuklary

Barlagyň netijesi oňyn bolmadyk halatynda türgeniň ýa-da onuň wekiliniň şulara hukugy bardyr:

1) «B» nusgalygynyň barlagynyň geçirilmegini talap etmäge;

2) gaýragoýmazdan düşündiriş bermäge;

3) eger zerur bolsa, «B» nusgalygynyň gaýtadan barlagynda bolmagyna;

4) «A» nusgalygynyň barlagynyň netijeleri boýunça barlaghanalar üçin Halkara standartynda göz öňünde tutulan maglumatlary saklaýan resminamalaryň göçürmesini almaga;

5) TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda öz wagtynda, adalatly we tarapgöýsüz diňlenilmäge;

6) Halkara dopinge garşy topara TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda, birinji basgançakly guramanyň çözgüdine şikaýat etmäge.»;

16) 17-nji maddanyň mazmunyny şu görnüşde beýan etmeli:

«Dopinge garşy kadalaryň bozulmagy bilen baglanyşykly jedeller TDGMA-nyň dopinge garşy kadalaryna laýyklykda çözülýär.».

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 13-nji iýuly.