18.07.2026
285
Inklýuziw sportuň dabarasy: türkmen futbolçylary Şwesiýada geçirilen «Gothia Cup» kubogynyň eýesi boldular
Şwesiýanyň Gýoteborg şäherinde geçirilen abraýly halkara «Gothia Cup» ýaryşynda 7x7 görnüşindäki futbol boýunça Türkmenistanyň erkekler ýygyndy toparynyň gazanan ýeňşi ýurdumyzyň sport ulgamyndaky nobatdaky uly üstünligine öwrüldi.
18.07.2026
262
Aşgabat bilen Tbilisi ulag we energetika ulgamlarynda strategik hyzmatdaşlygy giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen gepleşikleri geçirdi.
18.07.2026
269
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbilisidäki gepleşikleriň jemlerini metbugat maslahatynda beýan etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Tbiliside Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidze bilen geçirilen gepleşiklerden soň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdi.
18.07.2026
307
Türkmenistan bilen Gruziýa köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gepleşikleri geçirdiler. Ýokary derejedäki duşuşygyň esasy netijesi hökmünde döwletara hyzmatdaşlygy dürli ugurlar boýunça has-da ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekildi.
17.07.2026
842
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gruziýa döwlet sapary tamamlandy
Şu gün Gruziýa döwlet saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.
17.07.2026
586
Ata-babalarymyzyň asylly däplerine eýerip
Şu gün Lebap welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, «Gahryman Arkadagyň ak ýoly bilen öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.
17.07.2026
238
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy Lideriniň hatyrasyna ýatlama çäresi geçirildi
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Eýranyň ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýiniň hatyrasyna bagyşlanan çäre geçirildi.
17.07.2026
833
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary rus dili boýunça halkara olimpiadada baýrakly orunlary eýelediler
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Russiýa Federasiýasynyň B.B.Gorodowikow adyndaky Galmyk döwlet uniwersiteti tarapyndan «Rus dili we ülkäni öwreniş» dersinden onlaýn görnüşinde halkara olimpiadada üstünlikli çykyş etdiler.
17.07.2026
850
Türkmenistanyň Mejlisinde koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap Çýo Hýon Dunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.
17.07.2026
893
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 16-njy iýulynda Brýussel şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» syýasat we howpsuzlyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli dialogyň 13-nji mejlisine gatnaşdy.