Ï «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

view-icon 115

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän «Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň ýurdumyz döwletlilik, kanunyň hökmürowanlygy we milli demokratik ýörelgelerden ugur alyp, döwlet, jemgyýet hem-de şahsyýet gatnaşyklaryny, raýat jemgyýetini ösdürýär. Kanuna esaslanýan gatnaşyklar hemmeleriň jogapkärçiligine we kanunyň talaplaryny ýerine ýetirmegi borç edinýändiklerine daýanýar. Şeýlelik bilen, gurmak, döretmek, kämilleşmek döwletimiziň baş ýörelgeleri bolup durýar. Häzirki zaman türkmen jemgyýeti adama iň ýokary gymmatlyk hökmünde garaýar.

Mälim bolşy ýaly, 1996-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda döwletde we jemgyýetde demokratik institutlary pugtalandyrmak, adamyň konstitusion hukuklaryny üpjün etmek, şahsyýetiň azatlygyny berjaý etmek, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejeli döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi, adamyň hukuklary we azatlyklary babatynda ylmy-amaly barlaglary geçirmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty döredildi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 23-nji iýulyndaky Permany bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk instituty goşulyp, olaryň binýadynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty döredildi. Şeýlelikde, şu ýylda institutyň esaslandyrylmagyna 30 ýyl dolýar.

Geçen döwrüň dowamynda institut milli kanunçylygyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşykly ösmegine, ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň kämilleşmegine gönükdirilen işleri alyp barmak bilen, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça seljermeleriň geçirilmegine mynasyp goşant goşdy. Institut bu işleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň utgaşdyrmagynda Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti hem-de beýleki hukuk goraýjy we döwlet dolandyryş edaralary bilen hyzmatdaşlykda ýerine ýetirýär. Institut seljermäge iberilýän hukuk namalarynyň taslamalaryna ylmy synlary işläp düzmäge, şeýle hem milli döwletlilik ýörelgeleri, hukuk öwrenişiň we demokratiýanyň derwaýys meseleleri boýunça okuw kitaplaryny, gollanmalaryny hem-de ylmy ýygyndylary çapa taýýarlamaga işjeň gatnaşýar. Institutyň işgärleri ýurdumyzyň ylmy-amaly žurnallarynda, gazetlerde makalalar bilen çykyş edýärler. Teleradioýaýlymlarda Bitarap döwletimiziň ynsanperwer içeri we daşary syýasatyny wagyz edýärler.

Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda jaýdar bellenilişi ýaly, halk häkimiýetiniň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan demokratik däpleri döwlet gurluşynyň sazlaşygyny kesgitlemek bilen, biziň ýurdumyzyň durnukly ösüşine milli özboluşlylyk berýär. Halkymyzyň toplan tejribesini beýan edýän milli mirasy, ynsanperwer gymmatlyklary, jemgyýetiň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýar. Bu asylly däplerde türkmen döwletliliginiň gözbaşynda durýan çuňňur ynsanperwerlik, raýdaşlyk, agzybirlik, ynanyşmak, özara hyzmatdaşlyk ýörelgeleri aýdyň şöhlelenýär.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

Biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň deňhukukly agzasy bolmak bilen, adam hukuklary babatda halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň we şertnamalaryň esasylaryna goşuldy. Dünýä bileleşigi tarapyndan tassyklanan resminamalara laýyklykda öz borçnamalaryna berk eýerip, milli kanunçylyga we hukuk ulanyş tejribesine umumy ykrar edilen halkara kadalary yzygiderli ornaşdyrýar. Şu nukdaýnazardan, döwletlilik ýörelgelerini, jemgyýetiň ösüş ugurlaryny ylmy esasda seljermek, adamlaryň aň-düşünjeliligini we başarnygyny, hukuklaryny, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kämilleşdirmegiň ahlak we hukuk ugurlary boýunça ylmy işleri alyp barmak möhüm wezipeler bolup durýar. «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň», «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň» kabul edilmegi BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde adam hukuklary boýunça toplumlaýyn işleri durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Milli meýilnamalarda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan alnyp barylýan işleri has-da kämilleşdirmegiň, halkara hukugyň kadalaryny ýurdumyzyň kanunçylygyna ornaşdyrmagyň hem-de hukuk ulanyş tejribesinde durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenen. Şonuň bilen birlikde, milli hukuk ulgamynda ylmy seljermeleriň döwrebap ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işleriň geçirilmegine ýaş alymlaryň işjeň gatnaşmagyna giň mümkinçilikleriň döredilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň dowamynda, 2026-njy ýylyň 20-nji maýynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti», 2026-njy ýylyň 24-nji iýulynda «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi örän ähmiýetli taryhy wakalar boldy. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul eden 30-dan gowrak Kararnamalary ýurdumyzyň halkara hukugyň ösüşine goşýan mynasyp goşandynyň güwäsidir.

Hormatly maslahata gatnaşyjylar!

«Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň döwletlilik ýörelgelerimiz, Türkmenistanyň kanunçylyk ulgamynyň halkara hukuk kadalary bilen sazlaşygy, milli demokratiýanyň ösüş ugurlary barada pikir alyşmakda, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli, hoşniýetli we ynsanperwer syýasatynyň durmuşa geçirilişini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynanýaryn.

Sizi Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän ylmy-amaly maslahatyň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür hem-de işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti 
Serdar BERDIMUHAMEDOW.