21.10.2026
853
«PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersiteti türkmen mugallymlary we talyplary üçin hünär kämilleşdiriş okuwyny geçirýär
19-22-nji oktýabr aralygynda Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň Tehnologiýa uniwersitetiniň professory tarapyndan Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyplary hem-de ýaş mugallymlary üçin onlaýn görnüşde hünär kämilleşdiriş okuw sapaklary geçirilýär.
21.10.2026
568
Hoşgeldi Şahberdiýew: suratkeş we özboluşly şahsyýet
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde suratkeş Hoşgeldi Şahberdiýewiň nakgaşlyk we grafika eserlerinden ybarat şahsy sergisi ýaýbaňlandyryldy. Hoşgeldi Şahberdiýewi tanaýan köp sanly suratkeşler ony iň ökde ussatlaryň biri hasaplaýardylar. Ýeri gelende bellesek, Hoşgeldi Şahberdiýewiň grafika eserleriniň birini Tretýakow galereýasy hem satyn alypdyr.
21.10.2026
575
Türkmen mugallymy Ýaponiýada halkara bilim maksatnamasyna gatnaşýar
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Nurjemal Baýramowa Ýaponiýanyň Hirosima uniwersiteti tarapyndan 19 – 28-nji oktýabr aralygynda geçirilýän Şöhleleriň dinamikasy we tizlendiriji tehnika boýunça 9-njy halkara okuw maksatnamasyna (ISBA 2026) gatnaşýar.
21.10.2026
1103
Aşgabatda sanly tehnologiýalar we kiberhowpsuzlyk boýunça halkara maslahat hem-de internet-olimpiada geçiriler
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geljek aýda «Ylym-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary» atly utgaşykly görnüşde halkara ylmy-amaly maslahat hem-de sergi, şeýle hem olara bagyşlanan halkara açyk internet-olimpiadasy geçiriler.
21.10.2026
1385
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara
Sizi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahatyň we serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
20.10.2026
771
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Ählumumy gün tertibiniň meselelerini çözmekde işjeň orun eýeleýän ýurdumyz parahatçylygy, daşky gurşawy we durnuklylygy üpjün etmek, umumy abadançylygyň hatyrasyna netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge ägirt uly goşant goşýar.
20.10.2026
1410
Halkara ekologiýa we ynsanperwerlik başlangyçlary rowaçlanýar
Şu gün paýtagtymyzda “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
20.10.2026
898
Türkmenistan Ýewraziýa energetikasy üçin ygtybarly daýanç nokadydyr
Aşgabatda däp boýunça Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynda geçirilýän 31-nji Halkara "Türkmeistanyň nebiti we gazy" (OGT 2026) maslahaty we sergisi açylýar.
20.10.2026
1546
Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi.
20.10.2026
1148
Türkmenistan we Ýaponiýa ylym-bilim hyzmatdaşlygyny berkidýärler
14 – 16-njy oktýabr aralygynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektorynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýa iş sapary boldy. Bu sapar ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge hem-de wodorod energetikasy ulgamynda özara gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirildi.