Sport
31.03.2026
1394
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
Şu gün Türkmenistanyň milli ýygyndy futbol topary 2027-nji ýylyň Aziýa Kubogyna gatnaşmak üçin, Bangkogyň «Rajamangala» stadionynda Tailandyň topary bilen aýgytly duşuşygy bolar. Bu duşuşykda indiki ýyl Saud Arabystanynda geçiriljek dört ýyllyk döwrüň esasy ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşmak hukugyny gazanmak ugrunda bäsleşerler.
30.03.2026
1717
Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen toparlaýyn küşt çempionatynyň netijeleri belli boldy
Aşgabatda möhüm sport çäresi – ýurdumyzyň küşt boýunça ilkinji toparlaýyn çempionaty tamamlandy. Türkmenistanyň Küşt federasiýasy tarapyndan guralan bu ýaryş paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirildi.
30.03.2026
1728
Aşgabatda şort-trek boýunça ýaryş geçirildi
Aşgabatdaky Gyşky oýunlar sport toplumynyň buz meýdançasynda sport mekdepleriniň şort-trek boýunça açyk çempionaty geçirildi. Ýaş türgenler 500 we 1000 metrlik aralyklarda bäsleşdiler.
29.03.2026
1370
Türkmen tennisçileri Dewisiň Kubogynyň saýlama tapgyrynda iň gowy dört toparyň biri boldy
Şri-Lankanyň Kolombo şäherinde tamamlanan 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça deslapky saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň ýetginjekler tennis topary 15 orundan dördünji orny eýeledi.
27.03.2026
1104
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda geljekki ussat konkurçylar taýýarlanýar
Türkmenistanda ýazky at çapyşyk möwsümi – her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenýän Türkmen bedewiniň milli baýramyny buşlaýan täsirli waka başlandy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda geçýän şu ýylda ahalteke atlary janly rowaýatdyklaryny we türkmen halkynyň hakyky buýsanjydyklaryny ýene bir gezek tassykladylar.
26.03.2026
2078
Türkmenistanyň ýygyndysy Filippinleriň ýygyndy toparyny ýeňip, Dewisiň Kubogynyň ýarym finalyna çykdy
Türkmen tennisçileri Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde 15 toparyň gatnaşmagynda geçirilýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça deslapky saýlama tapgyrynda ýarym finala çykdylar.
26.03.2026
1828
Türki döwletleriň ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzümi kesgitlenildi
Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdürliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde küşt boýunça saýlama ýaryşy tamamlandy. Onuň netijeleri boýunça türki döwletletiň arasynda taryhda ilkinji küşt olimpiadasyna gatnaşjak milli ýygyndy toparyň (16 ýaşa çenli toparyň) düzümi kesgitlenildi.
25.03.2026
2120
Tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy geçiriler
28-nji martda paýtagtymyzyň «Arkaç» söwda we dynç alyş merkezinde köpçülikleýin sport çäre – tennis boýunça açyk ussatlyk sapagy geçiriler. Sagat 19:00-dan 22:00-a çenli dowam etjek bu çäre sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmek boýunça döwlet strategiýasynyň çäginde Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan geçirilýär.
25.03.2026
1570
Garaşsyz Türkmenistanyň taryhynda küşt boýunça ilkinji toparlaýyn ýaryş başlandy
Aşgabatda Türkmenistanyň toparlaýyn küşt çempionatynyň – bu paýhas sportunyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýan möhüm wakanyň açylyş dabarasy boldy. Aýlawly görnüşde geçirilýän bu ýaryşy paýtagtymyzyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi gurady.
25.03.2026
1427
Türkmenistanly tennisçiler Dewisiň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda birinji orny eýelediler
Şri-Lankanyň paýtagty Kolombo şäherinde 15 toparyň gatnaşmagynda geçirilýän 16 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Dewisiň Kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagy boýunça saýlama tapgyrynda türkmen tennisçileri şowly çykyşlaryny dowam etdirýärler.