Ï Lebapdan Ahal welaýatyna çenli: «Amul – Hazar» atly ýörişe gatnaşyjylar Babadaýhan etrabynda dabaraly garşylanyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Lebapdan Ahal welaýatyna çenli: «Amul – Hazar» atly ýörişe gatnaşyjylar Babadaýhan etrabynda dabaraly garşylanyldy

view-icon 68
Lebapdan Ahal welaýatyna çenli: «Amul – Hazar»  atly ýörişe gatnaşyjylar Babadaýhan etrabynda dabaraly garşylanyldy

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda guralan «Amul – Hazar» atly ýörişe gatnaşyjylar Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň ýaşaýjylary tarapyndan uly ruhubelentlik bilen mähirli garşylanyldy. Lebap welaýatyndan 1755 kilometr uzaklykdaky ýola rowana bolan atly topar Mary welaýatynyň çäginden geçip, bereketli Ahal topragyna gelip ýetdi.

Babadaýhan etrabynyň Akwekil obasynyň çetinde, gadymy türkmen obasynyň keşbinde bezelen meýdançada Ahal welaýatynyň ýaşaýjylary arassa ganly ahalteke bedewlerine atlanan 35 atlyny garşyladylar. Atlylaryň sanynyň 35 bolmagy ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen baglanyşyklydyr. Asylly däbe görä, myhmanlary hormatly ýaşulular, obanyň zähmetsöýer adamlary, medeniýet we sungat işgärleri, şeýle hem ýaşlar duz-çörek bilen garşyladylar.

Atly ýörişe gatnaşyjylaryň hormatyna baý mazmunly medeni-sport maksatnamasy ýaýbaňlandyryldy. Çeper höwesjeňler toparlary we çagalar aýdym-saz toparlary sahnalaşdyrylan çykyşlary, aýdymdyr sazlary ýerine ýetirdiler. Şeýle hem tomaşaçylar milli göreş boýunça ussatlaryň görkezme çykyşlaryna we ýüp çekişmek boýunça çekeleşikli bäsleşiklere tomaşa etdiler. Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Medeniýet müdirliginiň, şeýle hem Babadaýhan, Tejen we Sarahs etraplarynyň medeniýet bölümleriniň folklor we tans toparlary türkmen toýlarynyň däp-dessurlaryny, halkymyzyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän çykyşlary görkezdiler.

Duşuşygyň bezegine öwrülen pursatlaryň biri hem Akwekil obasynyň we goňşy obalaryň ýaşaýjylarynyň meşhur ahalteke bedewleriniň naýbaşy wekilleri bilen ýakyndan tanyşmagy boldy. Bedewler ussat zergärleriň elinden çykan milli şaý-sepler we bezegler bilen aýratyn görkde, özleriniň ähli ajaýyplygy bilen öňe çykdylar.