Ï Ýaş türkmen türgenleri BAE-de geçirilen halkara ýaryşda ýedi medal gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaş türkmen türgenleri BAE-de geçirilen halkara ýaryşda ýedi medal gazandylar

view-icon 49
Ýaş türkmen türgenleri BAE-de geçirilen halkara ýaryşda ýedi medal gazandylar

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtynda tamamlanan «RAF NEXT GEN Abu Dhabi» halkara erkin göreş boýunça ýaryşda dürli derejeli ýedi baýrak gazandy. Çäre dürli ýurtlardan ýüzlerçe ýaş türgeni bir ýere jemledi we Türkmenistanyň topary bu bäsdeşlikde ýokary netijeleri görkezip, üç altyn, iki kümüş we iki bürünç medal gazanmagy başardy.

Türkmenistanyň Sport göreşi federasiýasynyň habar bermegine görä, 30–34 kg agram derejesinde ýeňiji bolan Yklym Gaýtnazarow, 71 kg çenli agram derejesinde ynamly ýeňiş gazanan Idris Melejäýew we 92 kg çenli agram derejesindäki göreşijileriň arasynda altyn medala eýe bolan Ahmet Baýramow münberiň iň ýokary basgançagyna çykdylar.

Toparyň ýene-de iki wekili final duşuşygyna çenli ýetdi, emma soňky tutluşyklarda utulyp, kümüş medallaryň eýeleri boldular: 38 kg çenli agram derejesinde Hajy Gaýtnazarow we 75 kg çenli agram derejesinde Ýusup Baýramow. Üçünji orny eýeläp, ýygyndy toparymyza bürünç medallary Ybraýym Babalyýew (34 kg çenli) hem-de Salyh Nurmuhammedow (38 kg çenli) getirdiler.

Abu-Dabidäki ýaryş «Real American Freestyle» (RAF) hünärmen göreş ligasynyň howandarlygy astynda, Abu-Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk departamenti hem-de BAE-niň Göreş federasiýasy bilen bilelikde geçirilen ilkinji halkara ýaşlar ýaryşy boldy. Ýaş türkmen erkin göreşijileri üçin BAE-däki çykyş halkara derejesinde güýçlerini synap görmek üçin gowy synag bolup, milli ýygyndymyzyň ýakyn ätiýaçlygynyň bäsdeşlige ukyplylygyny tassyklady.