Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirilen kuraş boýunça XV dünýä çempionatynda türkmen türgenleri bir kümüş we bir bürünç medala mynasyp boldular.
Žaksylyk Üşkempirow adyndaky söweş sungaty köşgünde geçirilen ýaryşa 67 ýurtdan 192 türgen gatnaşyp, olar jemi 16 sany baýraklar ugrunda bäsleşdiler. Ýaryşa Türkmenistanyň toparyna 6 türgen (2 zenan we 4 erkek), 1 tälimçi we 1 emin wekilçilik etdi.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary milli ýygyndy toparyň gaznasyna saldamly goşant goşdular. 15 türgeniň medallar ugrunda bäsleşen 90 kilograma çenli agram derejesinde geçirilen dünýä birinjiliginiň kümüş baýragynyň eýesi Ylham Kemalow boldy. Türkmen pälwany finala çenli ýolda ussatlyk görkezip, türkiýeli Melih Topçuny hem-de russiýaly Sarkis Koçarýany iň ýokary baha bilen iki sany ajaýyp ýeňşe eýe boldy. Ýarym finalyň çekeleşikli tutluşygynda ol duýduryşlaryň hasabyna gazagystanly Beýbarys Nugmanowdan üstün çykdy, ýöne altyn medal ugrundaky aýgytly tutluşykda täjigistanly türgen Haknazar Nazarowdan asgyn gelip, hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy.
Ýygyndy topara ýene bir baýragy 16 türgeniň arasynda 66 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip bürünç medal gazanan Gadyr Agamämmedow getirdi. Ilkinji duşuşygynda ol Bolgariýada kuraş boýunça geçirilen Ýewropa çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi, türkiýeli Denizhan Arany wagtyndan öň ýeňdi, şondan soň russiýaly Daniil Gawrilowy ýeňip, üstünlige ýetdi. Ýarym final duşuşygynda Gadyr geljekki dünýä çempiony, täjigistanly Sarwar Abduşukurowdan asgyn gelip, bürünç medala mynasyp boldy.
Türkmen wekiliýetiniň üstünligi eminler toparyna hem degişli boldy. 2026-njy ýylda dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda Astana şäherinde halkara eminler maslahaty geçirildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň Kuraş göreş federasiýasynyň baş kätibi Döwletgeldi Tejenow synaglardan üstünlikli geçip, ikinji derejeli halkara eminlik derejesini aldy we dünýä çempionatynyň duşuşygynda hyzmat etmäge resmi taýdan rugsat aldy.
Kuraş Merkezi Aziýada dörän we türki halklaryň däp bolan guşakly göreş sporty bolup durýar. Başa-baş söweşiň üç müň ýyllyk taryhynyň bolmagy ony bu sebitde we dünýäde iň meşhur sport görnüşleriniň birine öwrüpdir. Soňky ýyllarda kuraş dünýäde işjeň ösýär: 1998-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda döredilen Halkara kuraş assosiasiýasyna (IKA) häzirki wagtda Aziýadan (32), Afrikadan (22), Ýewropadan (33), Demirgazyk we Günorta Amerikadan (22) hem-de Okeaniýadan (9) jemi 118 milli sport federasiýa girýär.
Kuraş boýunça dünýä çempionatlary 1999-njy ýyldan 2002-nji ýyl aralygynda geçirilipdi, 2005-nji ýyldan bäri bolsa iki ýylda bir gezek guralýar. Ozalky, ýagny 14-nji dünýä çempionaty 2023-nji ýylda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Söweş sungaty sporty toplumynda geçirildi we Halkara federasiýasy tarapyndan dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň gowusy diýlip ykrar edildi, şonda türkmen türgenleri 15 agram derejesinde 15 medal – 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar.