Ï Türkmenistanyň 3x3 ýaşlar ýygyndy basketbol toparlary Daşkentde geçiriljek halkara okuw-türgenleşik ýerine ugradylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň 3x3 ýaşlar ýygyndy basketbol toparlary Daşkentde geçiriljek halkara okuw-türgenleşik ýerine ugradylar

view-icon 861
Türkmenistanyň 3x3 ýaşlar ýygyndy basketbol toparlary  Daşkentde geçiriljek halkara okuw-türgenleşik ýerine ugradylar

Türkmenistanyň erkekler we zenanlar (U23) 3x3 basketbol toparlary Daşkent şäherine geldiler. Olar bu ýerde Belarusyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň toparlary bilen bilelikdäki okuw-türgenleşik işlerine gatnaşarlar. Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň berýän maglumatyna görä, Halkara basketbol federasiýasynyň (FIBA) howandarlygynda guralan «FIBA 3x3 YAD Camp 2026» halkara türgenleşikler Özbegistanyň paýtagtynda 16-njy noýabra çenli dowam eder.

Erkekler toparynyň taýýarlygy bilen Rüstem Mämmedow, zenanlar toparynyňky bilen bolsa Mährijemal Jumageldiýewa meşgul bolar. Türkmen wekiliýetiniň düzümine türgenler we tälimçiler bilen birlikde emin Serdar Eminjanow-da girýär.

Öňde boljak okuw tapgyrynyň esasy maksady ýaş basketbolçylaryň sport mümkinliklerini ýüze çykarmak, olaryň şahsy ussatlygyny ösdürmek we güýçli daşary ýurtly garşydaşlara garşy ýoldaşlyk duşuşyklarynda toparlaýyn tejribäni artdyrmakdyr.