Ï Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy ilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-inde BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy ilen duşuşyk geçirildi

view-icon 283

2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Türkmenistanda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Greýs Wan bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny bellediler.

Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanyp, bir gün öň Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen brifingiň çäklerinde taraplar öňde boljak bilelikdäki çäreleriň taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Duşuşykda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda 2026–2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň ilerledilmegine hem-de ileri tutulýan ugurlar boýunça bilelikdäki işleriň utgaşdyrylmagyny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.