Ï Türkmenistanyň DIM-de Belarus Respublikasynyň Premyer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-de Belarus Respublikasynyň Premyer-ministriniň orunbasary bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 1

2026-njy ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Aleksandr Terehowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, ýokary derejedäki amala aşyrylan saparlaryň we duşuşyklaryň ähmiýetini bellediler.

Halkara guramalarynyň çäklerinde özara gatnaşyklar meselesine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň özara başlangyçlary yzygiderli esasda goldanýandygy nygtaldy.

Şeýle hem taraplar türkmen-belarus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny we geljekki mümkinçiliklerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşyp, syýasy-diplomatik dialogy pugtalandyrmaga, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge aýratyn üns berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.