Ï Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

view-icon 5
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on üçünji maslahaty geçirildi. Onuň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Şeýle hem maslahata köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň gün tertibine hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy girizildi.

«Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň we «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamalary boýunça ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat hem-de Arkadag şäherleriniň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Mejlisinde deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi.

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler syýasatynyň 2027-nji ýyl üçin maddy binýadynyň esasy maliýe resminamasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasynda» we kabul edilen beýleki döwlet maksatnamalarynda bellenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.

Maslahatda çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, onuň ösüşiniň depginini durnukly saklamaga, sebitleri ösdürmäge, umuman, ýurdumyzyň köpugurly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir. Ol ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de senagatlaşdyrmak ugruny dowam etdirmäge, senagat, oba hojalyk, ulag-kommunikasiýa we beýleki pudaklaryň, bank ulgamynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga, olaryň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, şähergurluşyk maksatnamasyny, dürli ulgamlardaky iri taslamalary durmuşa geçirmäge niýetlenendir. Häzirki döwrüň esasy wezipelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasynda ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna sanly ulgamy, öňdebaryjy tehnologiýalary mundan beýläk-de işjeň ornaşdyrmaga, innowasion kärhanalary döretmäge aýratyn üns berilýär. Import edilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport ugurly önümleriň öndürilişiniň möçberini artdyrmakda, azyk bolçulygyny üpjün etmekde uly orun eýeleýän hususy pudagy goldamak boýunça çäreler hem göz öňünde tutulýar.

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Bu bolsa «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgede, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarda aýdyň beýanyny tapýar. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, 2027-nji ýylyň Döwlet býujetindäki serişdeleriň esasy bölegi durmuş ulgamyny, şol sanda ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlaryny, ýaşlar maksatnamalaryny, durmuş üpjünçilik ulgamyny, ýaşaýyş jaýlarynyň, durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyny maliýeleşdirmäge gönükdiriler. Maslahatyň dowamynda geljek ýyl üçin esasy maliýe resminamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan ýerli býujetleriň görkezijilerine hem garaldy.

«Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, deputatlar onuň kabul edilmegi üçin biragyzdan ses berdiler. Bellenilişi ýaly, döwletimiziň ykdysady kuwwaty bilen berkidilen bu resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň täze sepgitlerine ýetmäge ýardam bermäge niýetlenendir. Şeýle hem «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň karary biragyzdan kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek we halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak, kanunçylyk taýdan üpjün etmek, ýurdumyzyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny wagyz etmek, hereket edýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.