Daşoguz welaýatynda Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan baýramçylyk, medeni we jemgyýetçilik-syýasy çäreler geçirilýär. Olara jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar, medeniýet işgärleri hem-de welaýatyň ilaty gatnaşýar.
Çärelerde çykyş edýänler ýurdumyzyň parahatlygy we hoşniýetli goňşulygy pugtalandyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hoşniýetli goňşulyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, durnukly we gülläp ösüşi goldamak işine uly goşant goşýandygyny buýsanç bilen belleýärler.
Çäreler joşgunly aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşýar.
«Bitaraplyk – şöhratymyz, şanymyz» at bilen şeýle çäreleriň biri-de Boldumsaz etrabynda geçirildi. Ony etrap häkimligi gurady. Şu mowzuga bagyşlanan birnäçe duşuşykdyr «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler ýurdumyzyň demirgazyk sebitindäki beýleki etraplaryndaky edaralarda we guramalarda-da geçirildi.
Welaýat kitaphanasynda «Bitaraplyk – şöhratymyz, şanymyz» at bilen sergi açyldy. Onuň açylyş dabarasynda şäheriň umumy bilim berýän orta mekdepleriň okuwçylary dürli dillerde çykyş etdiler.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyna bagyşlanan çäreler ýene-de dowam etdiriler. Welaýatyň dürli zähmet toparlarynda dabaraly ýygnaklary, söhbetdeşlikleri, sergileri we aýdym-sazly çykyşlary geçirmek meýilleşdirilýär.