Ï Halkara sergide Arkadag şäheriniň täze desgalarynyň şekil taslamalary tanyşdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkara sergide Arkadag şäheriniň täze desgalarynyň şekil taslamalary tanyşdyryldy

view-icon 7
Halkara sergide Arkadag şäheriniň täze desgalarynyň şekil taslamalary tanyşdyryldy

Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, himiýa, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly halkara sergide Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň desgalarynyň şekil taslamalary görkezildi. Onuň açylyş dabarasy 2027-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Täze desgalaryň binagärlik keşbi ähli inçelikleri nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. Olaryň her biri özboluşly daşky görnüşi we köpugurly içki giňişligi bilen tapawutlanýar. Şolaryň hatarynda täze esasy söwda we jemgyýetçilik merkezi boljak, günebakar şekilinde gurlan hem-de giň ýaýran ýaşyl zolaklar bilen gurşalan ýokary tehnologiýaly «Arkadag» merkezi aýratyn orun eýeleýär.

Bu binagärlik çözgüdiniň sazlaşykly dowamy hökmünde konsert meýdançasy we gözel ýaşyl zolaklary özünde jemleýän «Saglyk» seýilgähi göz öňünde tutulýar. Seýilgähiň dürli böleklerinde biri-birine ugurdaş ýerleşýän suw howdanlary gurlar. Olaryň birinde bedew atlaryň heýkelleri, beýlekisinde bolsa düýe kerwenleriniň şekilleri ýerleşdiriler.

Täze binagärlik desgalarynyň arasynda nal şekilinde taslanan awtomenzil aýratyn ünsüňi çekýär. Onuň şeýle görnüşde taslanylmagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şygary bilen baglanyşyklydyr. Desganyň taslamasyny «Ýiti Galam» kompaniýasy işläp taýýarlady, gurluşyk işlerini bolsa «Kent gurluşyk» hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy.

«Awtomenzil halkara we şäherara gatnawlara niýetlenen iki sany terminaly öz içine alýar. Arkadag şäherine hyzmat etmek üçin ýörite elektrik awtoulaglarynyň we elektrik awtobuslarynyň parky dörediler. Toplum bir günde 1500 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir» diýip, «Ýiti Galam» kompaniýasynyň baş direktory Azat Artykow belledi.

Aşgabat şäherinden 35 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu desga kiçi howa menziliniň iş ýörelgesi esasynda taslanyldy. Bu ýerde ýolagçylaryň howpsuzlygyny we amatlylygyny üpjün etmek üçin ähli zerur şertler, şol sanda skaner enjamlary we gözegçilik nokatlary göz öňünde tutuldy. Şeýle hem toplumyň çäginde awtosalon we söwda zolaklary ýerleşdiriler.

Täze infrastruktura desgalarynyň ählisi ýokary tehnologiýalara we ekologiýa taýdan arassa çözgütlere esaslanýan «akylly» şäher konsepsiýasy bilen sazlaşykly ösdürilýär. Şäheriň durmuşyna eýýäm smartfon arkaly dolandyrylýan «akylly öý» ulgamlary, ýokary tizlikli süýüm-optiki internet, 5G aragatnaşyk ulgamy, şeýle hem intellektual wideo gözegçilik we ýol hereketini akylly dolandyryş tehnologiýalary ornaşdyryldy. Şäheriň içinde ekologiýa taýdan arassa ulaglar, köçelerde bolsa «akylly» duralgalar hereket edýär.

Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy diňe bir täze ýaşaýyş we jemgyýetçilik giňişliklerini döretmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde döwrebap hem-de tehnologik taýdan ösen şäherleriň ösüşinde täze nusgany kemala getirýär. Bu ýerde geljegiň binagärlik keşbi, ekologiýa we ýaşaýjylar üçin döredilýän amatly şertler bitewi sazlaşygy emele getirýär.