04.09.2023
6807
Ýurdumyzda atçapyşygynyň güýzki möwsümi başlandy
Atçapyşygynyň güýzki möwsümi, däp boýunça, Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilýär.
03.09.2023
7877
Ýagty geljegiň bähbidine gurmak we döretmek
Geçen hepde hem ýurdumyzyň depginli ösüşiniň täze, belent sepgitlerini şöhlelendirýän möhüm wakalara baý boldy. Ol bilim ulgamyndaky giň gerimli binagärlik-gurluşyk desgalarynyň tutuş ýurdumyzy gurşap alan açylyş we düýbüni tutuş dabaralaryny öz içine aldy. Bu wakalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oýlanyşykly syýasatynda Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenendiginiň aýdyň beýany boldy.
02.09.2023
6074
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Arçman» şypahanasynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Arçman» şypahanasynda bolup, onuň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän we durky täzelenýän binalaryň taslamalary, şypahananyň bejeriş düzümini kämilleşdirmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde dynç alýanlar we saglygyny berkidýänler üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
02.09.2023
6937
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistany ösdürmekde döwlet maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyp berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi.
02.09.2023
6255
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýurdumyzyň ýaşlarynyň orny barada aýratyn üns çekdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi we bu ýerde ýurdumyzyň ýaşlarynyň orny barada aýratyn üns çekdi.
02.09.2023
5089
Türkmenistanyň DIM-nde GFR bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýanyň Bundestagynyň deputaty Peter Baýeriň ýolbaşçylygyndaky nemes wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
02.09.2023
26515
Gahryman Arkadagymyz türkmen halkynyň taryhy tejribesi barada aýdyp berdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi.
02.09.2023
8552
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty baradaky pikirlerini beýan etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň gadyr-gymmaty baradaky pikirlerini beýan etdi.
02.09.2023
6884
Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişine girişmäge we pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi
Ýurdumyzda 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine girişiler, şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlanar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belledi.
02.09.2023
10663
Türkmenistanyň teatrlarynda Magtymguly hakyndaky sahna oýunlary görkezildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjyna eýermek bilen, Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň teatrlary tomaşaçylara Magtymguly Pyragy baradaky eserleri görkezdiler.