Ï Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişine girişmäge we pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişine girişmäge we pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi

view-icon 3456
Hormatly Prezidentimiz bugdaý ekişine girişmäge we pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi

Ýurdumyzda 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine girişiler, şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlanar. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belledi.

Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça bugdaý ekişi möwsümine hem-de pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Häzirki wagtda bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, geriş we çil çekmek hem-de ýuwuş suwuny tutmak işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Şeýle hem bugdaý ekiş möwsüminde işlediljek bugdaý ekijileri we ýokary hilli bugdaý tohumlaryny taýýarlamak işleri dowam etdirilýär.

Wise-premýer hormatly Prezidentimize ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de il içinde hormatlanylýan ýaşulularyň gatnaşmaklarynda bugdaý ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermek haýyşy bilen ýüzlendi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekip, ýerden bol hasyl almagy üçin döwletimiz tarapyndan zerur şertleriň döredilýändigini belledi.

Häzir gallaçy we pagtaçy daýhanlarymyz üçin örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişi hem-de pagta ýygymy ýetip geldi diýip, döwlet Baştutanymyz bu möwsümleri agrotehniki möhletlerde, guramaçylykly geçirmegiň uly ähmiýetiniň bardygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda 6-njy sentýabrda bugdaý ekişine girişmäge, şeýle hem Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 9-njy sentýabrda, Daşoguz welaýatynda bolsa 15-nji sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hormatly ýaşulularymyza bugdaý ekişini we pagta ýygymyny «Bismilla!» bilen başlap bermekleri baradaky haýyş bilen ýüzlendi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň zähmetsöýer gallaçylaryna we pagtaçylaryna, ähli oba hojalyk işgärlerine berk jan saglyk, bagtyýar durmuş, ene toprakdan bol hasyl almagy tüýs ýürekden arzuw etdi.