Häzirki wagtda ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli önümleri halkara sergilere çykarmak we giňden tanyşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 5-nji noýabrda öz işine başlan Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçirilýän «Hytaý halkara import EXPO» sergisine Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy bolsa şeýle tagallalaryň aýdyň mysallarynyň biridir.

«CIIE» sergisi 2018-nji ýyldan bäri HHR-iň Şanhaý şäherinde her ýylyň noýabr aýynda geçirilýär. Şu ýyl Şanhaýyň Milli sergi we konwensiýa merkezinde geçirilýän 9-njy «CIIE» sergisine 162 döwletiň, sebitiň we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýar. Takmynan, 440 müň inedördül metr meýdany eýeleýän sergi merkezi 4142 sany daşary ýurtly gatnaşyjylary özünde jemläp, halkara söwda hyzmatdaşlygyny ösdürmekde uly meýdança öwrüldi. Sergä milli pawilýony bilen gatnaşýan 69 döwletiň arasynda biziň ata Watanymyz Türkmenistanyň hem milli pawilýonynyň bolmagy türkmen-hytaý işewürlik gatnaşyklarynyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar.

Türkmen pawilýonynda ýurdumyzda öndürilip, dünýä bazarlaryna çykarylýan giň görnüşli harytlar, söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri sergilenýär. Şeýle hem sergä gatnaşyjy daşary ýurtly adamlar halkymyzyň milli medeni mirasy bilen tanyşdyrmak mümkinçiligine eýe bolýarlar. Halkara serginiň çäklerinde türkmen-hytaý işewürlik forumyny geçirmek hem meýilleşdirilýär.

Bulardan başga-da, 9-njy «Hytaý halkara import EXPO» sergisinde Hytaý Halk Respublikasynda geçirilýän «CIPCC-2026» halkara okuw maksatnamasyna gatnaşýan birnäçe daşary ýurtly žurnalistler, şolaryň hatarynda türkmen žurnalisti üçin hem import edilýän harytlar we hyzmatlar, halkara kärhanalar bilen söwda hyzmatdaşlygy barada giňişleýin maglumat almaga, Şanhaýyň häzirki wagtda halkara söwda merkezi hökmündäki ornuny, onuň şertnamalaýyn port hökmündäki aýratyn taryhy tejribesini, gazanan üstünliklerini öwrenmäge mümkinçilikler döredilen.
