Ï Babadaýhan dokma toplumynyň önümlerine uly isleg bildirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Babadaýhan dokma toplumynyň önümlerine uly isleg bildirilýär

view-icon 21
Babadaýhan dokma toplumynyň önümlerine uly isleg bildirilýär

Garaşsyz Türkmenistanyň Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Babadaýhan dokma toplumy önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrýar. Kärhana ýurdumyzyň ýeňil senagatynda mynasyp orun eýeleýär. Zähmet toparynyň agzybirlikli we sazlaşykly işi öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge, ýokary hilli önümleriň öndüriliş möçberini artdyrmaga ýardam berýär.

Meşhur «Mäne» haryt nyşany bilen öndürilýän önümleriň görnüşleri örän giňdir. Olaryň hatarynda ýokary hilli satin matasyndan taýýarlanan düşek toplumlary, ýumşak ýorganlar, şeýle hem rahat düşekçeler we ýassyklar bar.

Düşek toplumlarynyň täze görnüşlerinde döwrebap dizaýn çözgütleri öz beýanyny tapýar. Olaryň arasynda kupon nagyşly we 3D şekilli çagalar düşek toplumlary hem bar. Ýassyklardan we pagta matasyndan taýýarlanan düşekçelerinden ybarat köpugurly toplumlar hem alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Bu önümler ýumşaklygy, dykyzlygy we ýeňilligi bilen tapawutlanýar. Zerur bolan ýagdaýynda olary aňsatlyk bilen epläp, ykjam torbada ýerleşdirmek bolýar.

Kiçi ölçegli düşekçeler dürli maksatlar üçin örän amatlydyr. Olary çagalaryň oýun zolaklarynda, penjire tekjelerinde, oturgyçlarda ulanmak ýa-da özboluşly bezeg işleri hökmünde peýdalanmak bolýar.

Iň körpe çagalaryň rahatlygy üçin ýörite ýatylýan toplumlar, kapýuşony bolan göterilýän sallançaklar hem-de çaganyň dogry ýatmagyny üpjün edýän ýörite ýassyklar taýýarlanyldy. Her bir önüm özboluşly sowgat gaplamasy bilen bezelýär. Bu bolsa dokma önümlerinden düzülen toplumy ýakymly we ýatda galyjy sowgada öwürýär.

Täze önümleri «Altyn asyr» harytşynaslyk merkezinde ýerleşýän ýöriteleşdirilen dükanyndan, şeýle hem Dokma resmi onlaýn platformasyndan satyn almak bolýar.

Umuman, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary durnukly ösüş depginini görkezýär. Nah ýüplükleriň, matalaryň, tikin we trikotaž önümleriniň, şeýle hem deri önümleriniň öndüriliş möçberiniň artmagy girdejileriň durnukly ýokarlanmagyny üpjün edýär we türkmen dokma senagatynyň uly mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär.