Türkmenistanda umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan Aşgabat – Daşoguz täze awtomobil ýolunyň giň gerimli gurluşygyna badalga berildi. Demirgazyk – Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrüljek bu taslamanyň düýbüni tutmak dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda täze infrastruktura desgalarynyň düýbüni tutmak we Balkan welaýatynda täze awtomobil ýolunyň açylyş dabaralaryna gatnaşmak bilen bagly geçirilen dabaralarda çykyş edip, ata-babalarymyzyň asylly däpleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini belledi.
«Parasatly pederlerimiz ýol çekmegi, köpri gurmagy döwletlilik hasaplap, ony asylly ýörelgä öwrüpdirler. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanda häzirki wagtda bu asylly işler mynasyp dowam etdirilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Netijede, täze awtomobil ýollary, köprüleri yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýär, awtomobil ýollary ulgamynyň işi has-da kämilleşdirilýär» diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.
Ýurdumyzyň demirgazyk künjegini paýtagtymyz bilen birleşdirýän Aşgabat – Daşoguz awtomobil ýolunyň gurulmagy üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmäge, gatnawlaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berer. Şeýle hem goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag we ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrar.
Umumy uzynlygy 550 kilometre golaý bolan bu ýolda ýolagçylar we sürüjiler üçin ähli şertler dörediler. Täze awtomobil ýoly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap ýol gözegçilik enjamlary bilen üpjün ediler. Täze ýoluň ugrunda uzynlygy 812 metr bolan täze häzirki zaman awtomobil köprüsi hem gurlar. Şeýle hem bar bolan 9 sany awtomobil köprüsi doly döwrebaplaşdyrylar.