21.04.2023
5677
«Rahmaninowyň bahary» konsertler tapgyry kompozitoryň romanslary bilen jemlendi
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda meşhur rus kompozitorynyň doglan gününiň 150 ýyllygyna bagyşlanan «Rahmaninowyň bahary» aýdym-sazlar tapgyryny jemleýän romanslar konserti boldy. Romanslarda Sergeý Rahmaninowyň inçe duýgurlygy we dünýä gözelligine aşyk çäksiz rus ruhy aýratyn joşgun bilen beýan edilýär.
21.04.2023
9413
Arheologik gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar
Daşoguz welaýatyndaky «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çägindäki «Kerwensaraý portaly» ýadygärliginiň golaýynda ýazky arheologik gazuw-agtaryş işleri alnyp barylýar.
21.04.2023
14301
Türkmenistanda «Ýylyň mugallymy-2023» we «Ýylyň terbiýeçisi-2023» atly bäsleşikleriň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanda Bilim ministrligi tarapyndan geçirilen «Ýylyň mugallymy-2023» we «Ýylyň terbiýeçisi-2023» atly her ýyl guralýan döwlet bäsleşikleriniň netijeleri jemlenildi.
21.04.2023
7092
Dürli aýdym-saz žanrlaryndan düzülen konsert
Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynda Maý Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk ýörite orta hünär mekdebiniň okuwçylarynyň hasabat konserti boldy.
21.04.2023
8200
Türkmenistanyň Diller ýokary mekdebinde Iňlis dili boýunça II halkara olimpiadanyň jemleri yglan edildi
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň guramagynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen Iňlis dili boýunça II halkara olimpiadanyň netijeleri 42 ýeňijini we 175 baýrak eýelerini yglan etdi.
20.04.2023
5716
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika işleri boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni kabul etdi.
20.04.2023
6128
Türkmenistanyň Prezidenti Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministrini kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ysraýyl Döwletiniň daşary işler ministri Eli Koeni kabul etdi.
20.04.2023
4039
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna
Sizi adamzadyň ýokary ruhy-ahlak gymmatlyklaryna ýugrulan hem-de halklary birek-birege baglanyşdyrýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Gözbaşy müňýyllyklara aralaşýan Oraza baýramynyň baý öwüşginli dabaralarynyň eziz Watanymyzyň dünýä ýaň salýan at-abraýyna, şan-şöhratyna çäksiz buýsanýan mähriban halkymyzyň kalbyna egsilmez şatlyk, ylham-joşgun paýlap, watansöýüjilik duýgusyny has-da belende göterjekdigine berk ynanýaryn.
20.04.2023
8519
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
Şu gün Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň binasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi.
20.04.2023
7654
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy
Döwleti dolandyrmakda, demokratik we adalatly jemgyýeti gurmakda toplan tejribämize daýanyp, şu gün biz 2023-nji ýylyň 26-njy martynda geçirilen saýlawlaryň jemleri boýunça täze saýlanan we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümine girýän, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň başlyklarynyň, etraplaryň edara ediş merkezleri bolup durýan şäherleriň, şäherçeleriň arçynlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň, etrap, şäher häkimleriniň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini geçirýäris.