Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen gynanç hatlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gelen gynanç hatlar

view-icon 6523

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç,

Siziň mähriban eneňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim.

Bu agyr ýitgi zerarly Size, Siziň ähli garyndaşlaryňyza we ýakynlaryňyza ýürekden medet beriji sözlerimi we gynanjymy beýan edýärin.

Size sabyr-takat we mertlik dileg edýärin.

Gynanç bilen,

Emomali Rahmon,

Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň mähriban eneňiz – Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykandygy baradaky ajy habar biziň ýüreklerimizi sarsdyrdy.

Ogulabat eje Türkmenistanyň abadançylygyna we ösüşine bimöçber goşant goşan çagalaryny we agtyklaryny terbiýelemäge öz bütin ömrüni we mährini bagyş etdi. Ogulabat eje hakyndaky nurana ýatlamalar biziň ählimiziň kalbynda ebedilik galar.

Size we Siziň maşgala agzalaryňyza, şeýle hem doganlyk türkmen halkyna bu gussaly we agyr günlerde çuňňur gynanjymyzy beýan edýäris.

Beýik Biribardan merhumyň jaýynyň jennet bolmagyny, Size we Siziň ýakynlaryňyza bolsa sabyr-takat dileg edýäris.

Çuňňur gynanç bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti