07.04.2023
4129
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Bütindünýä saglyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Şu gün tutuş ýurdumyzda, şol sanda täze Arkadag şäherinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş çäreleri geçirildi. Olar sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak boýunça hormatly Arkadagymyzyň başyny başlan asylly işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.
07.04.2023
3220
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
07.04.2023
23692
“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabyň XIV jildi iňlis dilinde çapdan çykdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XIV jildiniň iňlis dilinde çap edilmegi Türkmenistanyň halkara derejedäki abraýynyň belende galýandygynyň, dünýä ýurtlary bilen özara düşünişmek esasynda ýola goýulýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň berkidilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
07.04.2023
6917
Halkara ýaryşlaryň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça paýtagtymyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary astynda geçýän ýylyň birinji çärýeginde geçirilen iri halkara ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara eýe bolan türkmen türgenlerini sylaglamak dabarasy guraldy.
07.04.2023
8628
Türkmenistanda talyplaryň arasynda ylmy işler boýunça halkara bäsleşigi geçiriler
Türkmenistanda ýurdumyzyň we daşary ýurtly talyplaryň arasynda geçirilýän «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşigini kabul edişlik başlandy.
07.04.2023
5153
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri geçirdi
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa Ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa bilen onlaýn duşuşygy geçirildi.
07.04.2023
11850
Türkmenistan we Türki Döwletleriň Guramasy hyzmatdaşlygy ösdürýär
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler Ministri Raşid Meredowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýew bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
07.04.2023
5168
TÜRKSOÝ-yň Baş Sekretary bilen möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
07.04.2023
6620
Ýurdumyzyň we daşary ýurtly alymlaryň Döwlet muzeýinde tegelek stol geçirildi
2023-nji ýylyň 1 – 8-nji apreline Mary welaýatynda ýerleşýän taryhy ýadygärlikleri öwrenmek we zerur bolan dikeldiş işlerini geçirmek üçin, San Antonio uniwersitetiniň (Tehas, ABŞ) taryhy binalary dikeltmek boýunça hünärmenleri, şeýle hem Metropoliten sungat muzeýiniň wekilleri sapar bilen ýurdumyza geldiler.
06.04.2023
8452
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatyna gatnaşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy, şeýle hem deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.