mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

view-icon 2071
Türkmenistanyň Prezidenti “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Russiýanyň kompaniýalarynyň, hususan-da, özüniň ýolbaşçylyk edýän iri ulag kompaniýasynyň Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Russiýanyň demir ýol kompaniýasynyň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, wekiliýetiň ýurdumyza saparynyň barşynda netijeli gepleşikleri geçirmek, hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny hem-de geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleriň dörediljekdigine, duşuşyklaryň jemleriniň bolsa demir ýol ulagy pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, oňyn gatnaşyklar däp bolan türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ilerletmegiň möhüm şerti bolup durýar. Häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň arasynda syýasy ulgamda, ministrlikleriň we ugurdaş edaralaryň ugry boýunça özara hyzmatdaşlyk amala aşyrylýar. Hökümetara türkmen-rus topary netijeli işleri alyp barýar. Munuň özi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň bar bolan mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak üçin taraplaryň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Russiýanyň kompaniýalarynyň Türkmenistanda demir ýollary hem-de ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmak we elektrikleşdirmek, önümçilik amallaryny sanlylaşdyrmak, hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça taslamalara gatnaşmagynyň geljegi uludyr.

Türkmenistanda halkara ulag hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär, ol biziň daşary ykdysady syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda logistik geçelgeleriň netijeli peýdalanylmagy üçin amatly şertleriň döredilendigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň Baş direktory — müdiriýetiniň başlygy Oleg Belozýorow birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, bar bolan gyzyklanmalary hem-de bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesini hasaba almak bilen guralýan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.