23.09.2026
2793
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar barada döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, Watana wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurduň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmagy üçin şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
23.09.2026
2041
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda adam hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmegiň, üpjün etmegiň hem-de goramagyň döwlet ulgamyny pugtalandyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, adam hukuklary ulgamynda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça işleri ulgamlaýyn alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy.
23.09.2026
2226
Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Ata Watanymyz ähli ugurlar boýunça buýsandyryjy netijeleri gazanyp, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny beýik ýeňişlere, şöhratly wakalara besleýär.
23.09.2026
1860
Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda buýsandyryjy netijeler gazanylýar. Bitarap ýurdumyzyň her güni zähmet ýeňişleri bilen şöhratlanýar.
23.09.2026
1971
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyny giňden belläp, buýsandyryjy netijeleri gazanmak bilen garşylaýar.
23.09.2026
959
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda alnyp barylýan giň gerimli işleriň ähmiýetini, şöhratly taryhymyzy, milli gymmatlyklarymyzy beýan edýän kämil eserleri döredendikleri, medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin we bäsleşigiň ýeňijilerini seçip almak boýunça toparyň towakganamasyny nazara alyp, şeýle hem ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, karar edýärin:
23.09.2026
2200
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk milletiň buýsanjydyr» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
23.09.2026
2608
Aşgabatda türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň işleriniň sergisi açyldy.
23.09.2026
1600
«Medat» haryt nyşany bilen sublimasiýa usulynda düýe süýdüniň önümçiligi ýola goýuldy
Hususy pudak ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna we şöhratly sene — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna taýýarlyk görülmegine mynasyp goşant goşup, ösüşiň ýokary depginlerini görkezmegini dowam etdirýär.
23.09.2026
2395
Pandalaryň watanynda myhmançylykda: Türkmenistanyň metbugat wekiliýeti Fuszýan welaýatynyň ekologiýa tejribesine ýokary baha berdi
Uly panda Hytaýyň milli baýlygy we Bütindünýä ýabany tebigat gaznasynyň (WWF) belli nyşany bolmak bilen, adamlara daşky gurşawa hormat goýmagyň möhümdigini ýatladýar.