16.02.2023
5796
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň Kooperatiwleşmek, zähmet we durmuş abadançylygy ministri bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Kooperatiwleşmek, zähmet we durmuş abadançylygy ministri jenap Soulat Mortazawiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
16.02.2023
11108
Aşgabatda halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
15-nji fewralda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli «Durnukly ösüş maksatlary: ýaşlar syýasaty we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
15.02.2023
5321
Türkmenistanyň Prezidenti “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Gazprom” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müdiriýetiniň başlygy Alekseý Milleri kabul etdi.
15.02.2023
6650
Türkmenistanyň Prezidenti Litwa Respublikasynyň Prezidentini döwletiň dikeldilen güni mynasybetli gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Litwa Respublikasynyň Prezidenti Gitanas Nauseda Litwa döwletiniň dikeldilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
15.02.2023
9560
Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy
Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy.
15.02.2023
4205
Türkmenistanda Awstraliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Greým Lesli Mihandan ynanç hatyny kabul etdi.
15.02.2023
3033
Kuba Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanda işe başlady
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Karlos Enrike Waldes de la Konsepsýondan ynanç hatyny kabul etdi.
15.02.2023
7468
Ýurdumyzyň iň gowy etrabyna Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy gowşuryldy
Şu gün Magtymguly Pyragy muzeýinde 2022-nji ýylda ýurdumyzyň iň gowy etraby diýlip yglan edilen Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna ýokary sylagy — ABŞ-nyň 1 million dollary möçberindäki pul baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.
14.02.2023
4504
Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisine gatnaşyjylara
Sizi Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisiniň öz işine başlamagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribä daýanýan ygtybarly binýadyny has-da berkitmekde we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmekde bu giň möçberli serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.
14.02.2023
4192
Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýa Respublikasynyň Prezidentini Döwlet güni bilen gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe Serbiýanyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.