14.04.2026
4081
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti «Açyk gapylar» gününe çagyrýar
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti geljekki 2026 – 2027-nji okuw ýylynda ýokar okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ähli dalaşgärler üçin «Açyk gapylar» gününiň geçiriljekdigini yglan etdi.
14.04.2026
2000
«Turkmentravel – 2026» meýdançasynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri
Aşgabat şäherinde dowam edýän «Turkmentravel – 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi ynsanperwerlik we syýahatçylyk ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin netijeli meýdança öwrüldi.
14.04.2026
3454
BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk
2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň arasynda duşuşyk geçirildi.
14.04.2026
5129
Türkmenistanyň futzal toparlary 2026-njy ýylyň baş baýragy ugrundaky göreşe başladylar
Futzal boýunça 2026-njy ýylyň esasy milli ýaryşy – Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy Türkmenabatda geçen iki duşuşyk bilen başlandy.
14.04.2026
3818
«Arkadag» topary jerime urgusy bilen «Ahal» toparyndan üstün çykdy
«Arkadag» toparynyň futbolçylary Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda geçirilýän 2026-njy ýyl Türkmenistanyň çempionatyny «Ahal» toparyny 1:0 hasabynda utmak bilen başladylar.
14.04.2026
3723
Türkmenistanly türgen ilkinji gezek uly ýaşlylaryň arasyndaky erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda medala mynasyp boldy
Aşgabatly 19 ýaşly halkara derejeli sport ussady Alp Arslan Begenjow Bişkekde tamamlanan uly ýaşlylaryň arasynda geçirilen erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda ilkinji gezek bürünç medaly eýeledi. Türkmen döwlet maliýe institutynyň 2-nji ýyl talyby bolan türgenimiz bu üstünligi 15 pälwanyň bäsleşen 86 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip gazandy.
14.04.2026
5188
Balkan welaýatynda ussat suratkeş Amangeldi Hydyrowyň şahsy döredijilik sergisi guraldy
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, tanymal suratkeş Amangeldi Hydyrowyň ady diňe bir güneşli Diýarymyzda däl, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem mälimdir.
14.04.2026
4803
Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» bäsleşigi geçiriler
25-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» atly inžener-tehniki bäsleşik geçiriler.
14.04.2026
3432
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Açyk gapylar» gününi geçirýär
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty 15 – 16-njy aprelde sagat 15:00-da orta we orta hünär okuw mekdepleriň uçurymlaryny, okuw merkezleriniň diňleýjilerini, harby gullukçylary, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary hem-de instituta okuwa girmäge gyzyklanma bildirýänleriň ählisini «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.
14.04.2026
4797
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda ýaşlaryň gatnaşmagynda iki günlük eko-syýahat çäresi geçirildi. Bu çäre «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Global ekologiýa gaznasynyň «Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» taslamasynyň çäklerinde guraldy.