Ï Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» bäsleşigi geçiriler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» bäsleşigi geçiriler

view-icon 367
Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» bäsleşigi geçiriler

25-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýaş inžener 2026» atly inžener-tehniki bäsleşik geçiriler. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşi tarapyndan guralýar.

Bäsleşik dört ugur boýunça geçiriler. «Akylly önümçilik-hyzmat tehnologiýalary» ugrunda 7 – 12-nji synp okuwçylary öz innowasion taslamalaryny, şol sanda iki adama çenli topar bolup hem hödürlärler.

«Robototehnika» ugry boýunça 7 – 12-nji synp okuwçylary aýratynlykda gatnaşarlar: gatnaşyjy robotlar 2,5 minudyň dowamynda şarlary ýygnap, dürli beýiklikdäki gaplara ýerleşdirmeli bolarlar. Bu ugurda iň gowy bäş gatnaşyjy 2026-njy ýylda geçiriljek «First Global Challenge» dünýä robototehnika çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

«Erjeller kodlaýarlar» atly bäsleşige 8-nji synpdan başlap okuwçylar Scratch programmirleme dilinde oýun, animasiýa ýa-da amaly programma görnüşindäki taslamalary bilen gatnaşarlar.

«BattleBots» ýagny, «Robotlaryň söweşleri» ugry bolsa islendik ýaşdaky gatnaşyjylar üçin açykdyr.

Deslapky hasaba alyş hökmany bolup, 2026-njy ýylyň 15-nji apreline çenli dowam eder.

Her ugur boýunça ýeňijiler guramaçylar we baş hemaýatkär tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Hormat hatlary bilen sylaglanarlar.

Bäsleşik G. Kulyýew köçesiniň 38-nji jaýy salgysyndaky «Ojаr Aziýa» hususy kärhanasynyň binasynda geçiriler.

Gatnaşmak boýunça goşmaça maglumatlary almak üçin +993 (61) 86 27 66 telefon belgisine jaň edip, ýüz tutup bilersiňiz.