Ï Bilimli nesil – kuwwatly Watan
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bilimli nesil – kuwwatly Watan

view-icon 462
Bilimli nesil – kuwwatly Watan

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň geljegi hasaplanýan ýaş nesil baradaky alada döwletimizde esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenendir. Ýaşlaryň döwrebap bilimlerden habarly, watansöýüji, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri, jemgyýetde mynasyp orun eýelemekleri, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklary we saýlap alan ugry boýunça kämilleşmekleri üçin döwlet derejesinde tagallalar edilýär. Çünki döwrebap pikirlenip bilýän ýaş zehinler ýurdumyzyň şu güni hem geljegidir. Şundan ugur alnyp, häzirki döwürde bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi üçin aýratyn alada edilýär.

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasaty, ilkinji nobatda, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we ýaş nesliň kämil bilim almagyna, geljekde Watanymyzyň kuwwatyny artdyrjak ussat hünärmenleriň ösdürilip ýetişdirilmegine gönükdirilendir. Bu babatda ýaşlara berilýän bilimiň has çuň bolmagy hem-de okadylýan dersleriň dünýä derejesine çykmagy üçin döwlet tarapyndan degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, häzirki wagtda ösüp gelýän ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara dünýäniň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilen interaktiw usulda bilim bermek, ylmy gözleglere ugrukdyrmak, saýlap alan hünäriniň hakyky eýeleri bolup ýetişmeklerini üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlendi.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bütin adamzadyň we ähli döwürleriň iň gymmatly baýlygy bilimdir. Şundan ugur alyp, türkmen halky hem öz şöhratly taryhynyň bütin dowamynda ylma-bilime aýratyn sarpa goýup, umumadamzat gymmatlyklaryna mynasyp goşant goşup gelýär. Ösüşleriň we özgerişleriň, döretmegiň, gurmagyň nusgalyk ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda milli tejribelerimize eýerip, şeýle hem dünýäniň öňdebaryjy gazananlaryna daýanyp, milli bilim ulgamyny özgertmek ugrundaky döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwrüň talaplaryndan ugur alyp, bilim işi we ylmy usulyýetler, okuw maksatnamalary kämilleşdirilýär. Degişli kanunçylyk-hukuk binýady yzygiderli berkidilýär, interaktiw we uzak aralykdan okatmagyň usullaryndan peýdalanmak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Hemmetaraplaýyn döwlet goldawy esasynda binýatlaýyn nazary we amaly ylmy barlaglaryň gerimi giňeldilip, alymlaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredilýär, ugurdaş düzümler döwrebaplaşdyrylýar.

Bu asylly işe döwlet möçberinde örän jogapkärli çemeleşilmelidigini dünýä tejribesi görkezýär. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň esasynda häzirki wagtda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, dünýäniň ylmy-innowasion, ruhy-medeni babatda öňdebaryjy tejribeleri giňden öwrenilýär we ösen talaplara laýyklykda, okuw maksatnamalary işlenilip düzülýär, bilim-terbiýe bermegiň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan iş saparlarynyň maksatnamasynda ylym-bilim ulgamynyň meseleleri möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Dürli daşary ýurtlaryň wekilleri bilen geçirilýän onlaýyn gepleşiklerde we duşuşyklarda, maslahatlarda bilim ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri, ýokary okuw mekdepleriniň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy barada yzygiderli pikir alşylýar. Düýpli öwrenilen dünýä tejribesiniň we ýurdumyzda alnyp barylýan bilim özgertmeleriniň netijesinde bilim ulgamy jemgyýetçilik talaplaryna laýyk getirilýär hem-de barha döwrebaplaşdyrylýar.

Pederlerimiziň «Bilimli – uçar, bilimsiz – gaçar» diýen pähiminden ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylym-bilim ýurdumyzyň ösüşiniň hem-de halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň binýady hökmünde kesgitlendi. Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamlarynyň barha kämilleşdirilmegi we Türkmenistanyň at-abraýynyň belende göterilmegi ugrunda aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, bolsun! Il-ýurt bähbitli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!