Ï Sanly tehnologiýalar boýunça okuw maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Sanly tehnologiýalar boýunça okuw maslahaty geçirildi

view-icon 318
Sanly tehnologiýalar boýunça okuw maslahaty geçirildi

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda «Sanly tehnologiýalar – ähli ösüşleriň binýady» atly okuw maslahaty boldy.

Çäre institutyň Meýletinçiler merkeziniň kompýuter tehnologiýasy we awtomatika fakulteti bilen bilelikdäki guramagynda geçirildi.

Duşuşyk ýaşlaryň sanly sowatlylygyny we medeniýetini, talyplaryň sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak babatdaky başarnyklaryny ösdürmek, şeýle hem meýletinçi talyplaryň ýurtda boljak geljekki halkara çärelere gatnaşmaga taýýarlygynyň ýokary derejesini üpjün etmek maksady bilen geçirildi.

Institutyň professor-mugallymlar düzüminiň we meýletinçi talyplaryň işjeň gatnaşmagynda geçen okuw maslahatynyň dowamynda sanly ulgamyň hem-de innowasion tehnologiýalaryň ylym we bilim ulgamyndaky, şeýle hem halkara hyzmatdaşlykdaky orny barada mazmunly çykyşlar diňlenildi.

Hususan-da, diller kafedrasynyň uly mugallymy Kümüş Allabaýewa «Daşary ýurt dillerini öwrenmekde sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti» diýen tema boýunça çykyş edip, daşary ýurt dillerini özleşdirmekde häzirki zaman sanly platformalaryň giň mümkinçiliklerini beýan etdi.

Informatika we maglumat tehnologiýalary kafedrasynyň uly mugallymlary Güljan Meredowa hem-de Ogulgöwher Kösäýewa hünärleri öwretmekde innowasion tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanylan çykyşlarynda amaly sapaklary guramakda ulanylýan innowasion usullar barada giňişleýin maglumat berdiler.

Institutyň meýletinçi talyplary Dawut Ruslanow we Gülnar Begenjowa daşary ýurt dillerini öwrenmekde emeli aňy ulanmagyň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Olar daşary ýurt dillerinde çykyş edip, dilleri çalt we netijeli öwrenmek üçin häzirki zaman emeli aň tehnologiýalarynyň artykmaçlyklaryny amaly mysallarda görkezdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň daşary ýurt dillerini we sanly tehnologiýalary üstünlikli özleşdirmekleri üçin ýurtda döredilýän giň mümkinçilikleri, şeýle hem meýletinçi talyplaryň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmak we talyplaryň innowasion mümkinçiliklerini giňeltmek üçin geçirilen okuw maslahatyň netijeli bolandygyny bellediler.

Ýaş hünärmenleriň sanly we hünär başarnyklaryny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolan şeýle çäreleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygy nygtaldy.