Ï Türkmen talyplary Polşada matematika boýunça halkara olimpiadada altyn we bürünç medallary gazandylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen talyplary Polşada matematika boýunça halkara olimpiadada altyn we bürünç medallary gazandylar

view-icon 5
Türkmen talyplary Polşada matematika boýunça halkara olimpiadada altyn we bürünç medallary gazandylar

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Polşa Respublikasynyň Katowise şäherindäki Sileziýa uniwersiteti tarapyndan 6 – 8-nji noýabr aralygynda guralan talyplaryň toparlaýyn halkara matematika olimpiadasynda (International Student Team Competition in Mathematics (ISTCiM)) üstünlikli çykyş etdiler.

Olimpiadanyň netijeleri boýunça ýokary okuw mekdebiň talyplary 5 medala – 1 altyn we 4 bürünç medala eýe boldular.

Altyn medaly uniwersitetiň maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyby Orazguly Gylyjow gazandy.

Bürünç medallaryň üçüsine maglumat tehnologiýalary fakultetiniň talyby Balkan Jepbarow, şeýle hem matematika fakultetiniň talyplary Wepa Berdiýew we Abdylla Abdyllaýew mynasyp boldular.

Ýene-de bir bürünç medaly biziň talyplarymyz intellektual bäsleşigiň netijeleri boýunça toparlaýyn hasapda gazandylar.

Uniwersitetiň topary ýigitleriň ýaryşa taýýarlanmagyna we halkara gözen geçirilişde üstünlikli çykyş etmegine uly goşant goşan matematika derňewi kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýewiň ýolbaşçylygynda çykyş etdi.

Bäsleşige gatnaşyjylara dersiň algebra we kombinatorika, matematika derňewi, funksional deňlemeler, geometriýa we ähtimallyklar nazaryýeti ýaly bölümleri boýunça ýeňil bolmadyk ýumuşlar berildi.

Katowisede matematika boýunça her ýyl geçirilýän halkara olimpiadasy talyplara halkara derejede öz bilimlerini we ukyplaryny görkezmäge ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Şu ýyl olimpiada Türkmenistandan, Awstriýadan, Çehiýadan, Polşadan, Beýik Britaniýadan, Irlandiýadan, Italiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan we Sloweniýadan bolan ýokary okuw mekdepleriniň 180 töweregi zehinli matematik talyplaryny bir ýere jemledi.